icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

01 oktýabr 2022

121598

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy

Hazaryň türkmen böleginde sagaldyş-dynç alyş we ekologiki syýahatçylygy ösdürmeklik ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda syýahatçylyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär.

Tebigatyň özi bu künjek hakynda alada edip, mylaýym howa şertleri, minerally palçyk çeşmeleri we köp kilometrlere uzap gidýän altyn öwüşginli-çägesöw deňiz kenarlary, gözelligi boýunça täsin deňiz görnüşleri, Hazar döwlet goraghanasynyň biologik köpdürliligi bilen tapawutlanýan, şol sanda, suw-batgalyk ýerlerdäki guşlaryň köpdürliligi bilen eçilipdir.

2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy dünýä möçberinde uly waka boldy hem-de ýurdumyzyň dynç alyş we syýahçylyk industriýasyny ösdürmek boýunça täzeçe çemeleşmäniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ähmiýetli taslamanyň esasy maksady - Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň nukdaýnazaryndan şeýle wajyp taslamany hemmetaraplaýyn amala aşyryp, ýurduň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler bilen doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sebitde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň, şol sanda, halkara deňiz portunyň we howa menziliniň, awtoulag hem-de demir ýollarynyň barlygy örän ähmiýetlidir.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin umumy meýdany 5000 gektar bolan ýer bölegi bölünip berildi. 2007-nji ýylyň ahyrynda bu syýahatçylyk zolagyň ilkinji desgalarynyň gurluşyklaryna başlanyldy. 2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy.

«Awaza» Türkmenistanyň döwlet syýasatynda geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar. Bu taslama milli öwüşgünli döredijilik çözgütleri bilen birlikde dünýä arhitekturasynyň we binagärliginiň, şeýle hem inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini utgaşykly amala aşyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dync alyş merkezler hem-de 9 sany kottejler toplumlary işleýär. Dynç alýanlaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2-si oýun attraksionly seýilgählerdir. Umumy meýdany 83600 inedördül metr bolan teatrlaşdyrylan intraktiw deňiz suw çüwdürümlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, köpsanly kafeleri we restoranlary, gök zolaklary, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgähler bu ýerde dynç alýanlaryň hem-de şäheriň ilatynyň iň söýgüli ýerlerine öwrüldi.

Beýikligi 40-dan 100 metre çenli bolan suw çüwdürümler toplumy häzirki zaman ýokary tehnologiýalar esasynda sazlaşykly gurlan desgalar hökmünde aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Deňiz kenaryndan 85 metr daşlykda ýerleşýän boýy 24 metr, ini 60 metr bolan suw çüwdürimleriniň ýüzündäki ekranda dürli görnüşli golografik şekiller we tans edýän sudurlar görünýär we olar seýilgähde goýberilýän saz owazy bilen utgaşykly hereket edip yzygiderli çalyşyp durýar. Deňiz suw çüwdürümlerinden ybarat bolan ekranda görünýän golografik şekilleriň boýy 20 metre ýetip, şekilleri hakyky ýaly edip görkezýär. Deňze tarap gurnalan ýodajyk arkaly 50 metr aralygy geçip, iki tarapa uzap gidýän her tarapynyň uzynlygy 34 metr bolan ýodajykdaky gözegçilik meýdançasyndan gündiz Hazar deňziniň gözelligini, agşamara bolsa ýakyn aralykdaky deňiz suw çüwdürümleriniň hereketlerini synlamak bolýar.

2018-nji ýylyň iýulynda umumy meýdany 30 gektar bolan akwapark ulanylyşa berildi. Akwaparkyň düzümine suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alýanlaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gurlan beýleki desgalar hem girýär. Bu ajaýyp desga gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezi, harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän onlarça dükanlary we supermarketi, kafeleri we restoranlary, amfiteatry, myhmanhanany, şeýle-de emeli daglary, kölleri, suw şaglawuklaryny, dag çeşmejiklerini öz içinde jemleýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli myhmanhanalaryň, dynç alyş toplumlaryň, durmuş maksatly beýleki wajyp desgalaryň onlarçasynyň taslamalary amala aşyryldy. Bu ýerde ulag hyzmatlarynyň hili hem örän ýokary derejededir.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan halkara howa menzili «Awazanyň» howa derwezesi bolup hyzmat edýär. Ýolagçylar uçardan howa menziliniň binasyna we yzyna teleskopik trap-geçelge arkaly geçýärler. Howa menziliniň halkara derejesini döwrebap inžener-tehniki enjamlar hem-de täze uçuş-gonuş zolagy üpjün edýär hem-de häzirki zaman ölçegler esasynda oňa ähli görnüşdäki howa ulaglara hyzmat etmek mümkinçiligi berilýär.

Türkmenbaşydaky täze deňiz porty bolsa, «PricewaterhouseCoopers» halkara konsalting kompaniýasynyň we Germaniýnyň «Hamburger Hafen und Logistik AG» ulag-logistika kompaniýasynyň sylaglary hem-de Gamburgyň we Gollandiýanyň portlarynyň konteýner terminallaryny dolandyryjy «Zeeland Seaports» kompaniýasynyň minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Şeýle hem port deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly port hökmünde Ginnesiň Bütündünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şu kategoriýada dünýä Rekordlar kitaby «deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly emeli ada» diýip port gurlanda göçýän guşlary goramak maksady bilen gurlan emeli guşlar adasyny belledi.

«Awazanyň» ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işler amala aşyrylýar. Deňiz menzili kämilleşdirilýär, täze teplohodlar, ýahtalar we beýleki gämiler bilen flotuň üsti ýetirilýär. Türkmenbaşy şäheri Ýewropa bilen Günorta Aziýa döwletlerini gysga ýol boýunça birleşdirmek üçin gurulýan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň demir ýol merkezine öwrüler.

Kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýanyň, deňiz suwuny süýjediji we arassalaýjy desgalaryň gurulmagy, agyz-suw ulgamyny çekmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi inžener-tehniki infrastrukturanyň üstüni ýetirip, halkara deňiz dynç alyş zolagynyň kadaly hereket etmegini üpjün edýär. Kuwwaty 254 MWt bolan häzirki zaman elektrostansiýa «Awazany» yzygiderli elektroenergiýa bilen üpjün edip, ýurduň bitewi energoulgamyna girýär. 35 müň kub metr deňiz suwuny süýjediji desga bolsa, gije-gündiziň dowamynda syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalary hem-de gök zolaklary suw bilen üpjün edýär. Ol kenarýakada gurlup, täze döwrebap tehniki enjamlar we beýleki ähli zerur bolan inženerçilik tehniki serişdeler bilen üpjün edilen.

Uzynlygy 7 kilometr, ini 50-den 70 metre we çuňlugy 4 metre ýetýän «Awaza» derýasy syýahatçylyk zolagynyň iň iri we özboluşly desgalarynyň biri boldy. Derýanyň abadanlaşdyrylan iki kenarynda 28 sany jemgyýetçilik iýmit desgalary (bufetler, kafeler, gämi duralgaly açyk görnüşli restoranlar) ýerleşýär. Derýada kiçi göwrümli gämiler we gezelenç katerleri hereket edýär. Derýanyň üstünde gurnalan köpsanly ajaýyp köprüleriň her biri özüniň özboluşly bezeg nagyşlary bilen tapawutlanýarlar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 70-den gowrak dürli görnüşli desgalar, şol sanda, sport desgalar toplumyna girýän tennis meýdançalary, basketbol, woleýbol we mini-futbol üçin meýdançalar guruldy. Bu ýerde suw sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Derýanyň iki kenarýakasynda pyýadalar we welosiped sürüjiler üçin ýörite ýodalar geçirilen. Dynç alýanlar üçin derýa boýunça gyzykly gämi gezelençleri hödürlenýär.

Syýahatçylyk zolagynyň aglaba bölegini dynç alyş seýilgähleri we seýilbaglar tutýar. Has amatly howa şertlerini döretmek maksady bilen, gelejekde seýilgäh zolaklaryny giňeltmek we ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ýerde dünýäniň ähli künjeginiň botaniki baglaryndan getirilen üýtgeşik ösümlikler ýygnalyp, suw çüwdürimli seýilgähler dürlüligi hem-de gözelligi bilen tapawutlanýar. Seýilgähli zolaklary gülleýän baglyga öwürmek boýunça gündelik işler alnyp barylýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara biznes-forumlaryň, konferensiýalaryň, duşuşyklaryň, halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň, konsertleriň, sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Syýahatçylyk zolagynda döwrebap Kongressler merkezi ulanmaga berildi we onda halkara forumlar, duşuşyklar ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär.

Bulardan başga-da, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumy ulanmaga tabşyryldy. Ýahtalar, gaýyklar, katerler, katamaranlar, suw paraşýutlary we ş.m. dynç alýanlar üçin hödürlenýän hyzmatlaryň diňe bir bölegi. Sport toplumlary, tennis meýdançalary, suw howuzlary, atlaryň üstünde gezelenç, attraksionlar, diskoklublar, restoranlar, kafeler mawy deňiz, gülleýän ýaýla hem-de depeler bilen bilelikde utgaşyp, aýratyn bir özboluşlulygy hem-de gözelligi döredýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özünde dünýäniň ösen, öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlerini jemleýär. Innowasiýanyň häzirki zaman pikirleriniň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň merkezi bolup durýan bu özboluşly taslamany ösdürmek üçin Türkmenistanda uly mümkinçilikler döredilýär. «Awazanyň» infrastrukturasy ösýär we özgerýär. Syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligini has-da artdyrmak boýunça geçirilýän ähli çäreler syýahatçylaryň artmagyna ýardam edýär.

«Awazada» amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň diňe bir ykdysady taýdan güýçli depginde ösýändiginiň subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, halkara derejesinde daşary ýurtlar tarapyndan ygtybarly synagdan geçen hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigini aýdyň görkezýär. Bu ýerde syýahatçylyk industriýasynyň döredilmegi durmuş meselelerini çözmekde, goşmaça iş orunlarynyň döredilmeginde, ykdysady taýdan ilatyň iş bilen meşgul bolmagyny ösdürmekde we ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýüjilik ýörelgeleri hem-de ýurduň ilata hyzmat ediş pudagynyň ýokary derejesi, sebitiň ajaýyp howa hem-de şypaly ekologik şertleri, arassa deňiz suwy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşlylygyna aýratyn öwüşgin berýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi