icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 ýanwar 2024

1657

Yslamadatda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurduň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan owgan türkmenleriniň diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny belläp geçdiler. Tanyşdyryş dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýändihi hem aýdylyp geçildi.

Dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we akyldar şahyrymyz bilen bagly fotosuratlar we wideo ýazgylar bilen tanyşdylar.

Dabaranyň ahyrynda Halkara TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň tarapyndan 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäheri barada maglumat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi