icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

04 iýul 2024

4457

Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Dialogyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçileri, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döredilen ykdysady toparlaryň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada belledi.

Mundan başga-da, ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň Döwlet baştutanlarynyň birinji sammitiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge berk itergi berjekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi