icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýul 2024

3919

Adam hukuklary geňeşiniň 56-njy mejlisiniň çäginde çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy, UNOG-yň ýanyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça Geňeşiň dowam edýän 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre guraldy.

Çäräniň dowamynda kanunçylyk binýadyny we institusional mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň,  bilim we zähmet ulgamynda deň şertleri üpjün etmegiň, zenan-gyzlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň, ähli derejelerde, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik ugurlarynda aýallaryň gatnaşygyny artdyrmagyň üsti bilen gender deňligi babatynda milli syýasatlaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde görüş, garaýyşlar we häzirki ýagdaýlar barada maglumat berildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gender syýasatyny ösdürmek ugrunda öndürijilikli hyzmatdaşlygy öňe sürmek baradaky köpçülikleýin tagallalary we islegleri aýratyn bellendi.

Şu nukdaýnazardan, gender deňligi meseleleri boýunça uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýän hem-de 2020-nji ýyldan bäri işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy meýdançasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi