icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 sentýabr 2024

586

Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki Ilçihanasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Bişkek şäherinde türkmen diasporasynyň wekilleriniň we Bişkegiň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi.

Sport ýaryşy Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna esaslanýan, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy nygtaldy.

Ýaryşyň ahyrynda onuň ýeňijilerine we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy we beýleki ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi