icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 sentýabr 2024

657

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!

Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys. Eziz watandaşlar, Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi.

 

Hormatly adamlar!

Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitleýäris.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

 

Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döretdi. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Biz ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Bu taryhy özgertmeleriň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu üstünlikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwrebap şäherleriň, täze obalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrýaryn.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 67,8 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 32,2 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşini gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy.

Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrarys.

 

Hormatly adamlar!

Biz ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi. Ýakynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary öz taryhy ähmiýeti bilen täze mümkinçilikleri açdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy wakalardyr.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Biz şu ýyl Ahal, Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdik.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Ahal – Balkan, Mary – Ahal, Balkan – Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa içerki sarp edijilerimiziň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýakyn günlerde biz Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys. Gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleri döretmegi geljekde hem dowam etdireris.

 

Eziz watandaşlar!

Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde Diýarymyzyň welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher – Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň bir ýyllygy ýokary derejede geçirildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide bolsa Arkadag şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy. Iň tapawutlanan “akylly” şäher hökmünde Arkadag şäherine baş baýragyň gowşurylmagy aýratyn buýsandyryjy wakadyr. Bu şatlykly waka bilen, Gahryman Arkadagymyz, Sizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam etdirilýär. 2026-njy ýyla çenli onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler.

Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy geljekde hem dowam ederis. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Zähmetsöýer daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Biz oba hojalyk toplumynyň ösüşini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrýarys.

 

Hormatly adamlar!

Garaşsyz Watanymyzda ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda hem asylly işler durmuşa geçirilýär.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berýäris. Şu ýyl ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy esasynda, ýurdumyzda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, şeýle hem Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamakda netijeli halkara guralyna öwrüljek «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklipleri dünýäde uly goldaw tapdy.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Yzygiderli guralýan sergiler, maslahatlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 

Hormatly adamlar!

Biz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da wajyp özgertmeleri geçirýäris. Ýokary hilli harytlary öndürýän toplumlary gurup, halkara ülňülere laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär. Geljekde hem täze kärhanalary işe girizip, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmegi dowam etdireris.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçileriň uly paýy bardyr. Biz geljekde-de kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.

 

Eziz watandaşlar!

Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmek, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işleri alyp barýarys. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris.

 

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň dürli künjeginde ulag-kommunikasiýalar toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şu ýyl biz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň toplumyny ulanmaga bereris. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy açylar. Biz ýurdumyzda ulag-kommunikasiýalar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris.

 

Hormatly adamlar!

Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy, Täjigistan Respublikasynda bolsa dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Munuň özi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

 

Hormatly adamlar!

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýelär.

Ýakyn wagtda biz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini dabaraly ýagdaýda ulanmaga bereris. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn geljekde biz Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.

 

Hormatly adamlar!

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, hokkeý boýunça halkara ýaryş we beýleki halkara bäsleşikler üstünlikli geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrýar.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi şu ýyl sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirildi. Geljek ýylda bolsa bu özboluşly sungat baýramçylygy Ahal welaýatynda geçiriler. Biz döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de ähli şertleri dörederis.

 

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň ýadygärligini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Şu ýyl paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şanly ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýär. Bu şöhratly wakalaryň biri-biri bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumynyň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna guraljak beýleki giň gerimli çäreleriň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine berk ynanýaryn.

 

Hormatly adamlar!

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Geçen döwürde Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biz ÝUNESKO bilen alyp barýan işlerimizi geljekde has-da giňelderis. Şoňa görä-de, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdiniň ýerine ýetirijilik sungatyny guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işleri geçirmeli.

Şeýle hem gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna; Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris. «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi hem Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny subut edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, biz dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamaga häzirden düýpli taýýarlyk görmeli.

 

Hormatly adamlar!

Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaly diýip hasaplaýarys. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmelidiris.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn.

Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris.

 

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyza rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun!

Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri!

Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi