2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pekin şäherindäki Marriott myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik we Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen saýlanan goşgularynyň ýygyndysynyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Çärä 400-e golaý myhman, şol sanda HHR-yň partiýa we döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, şeýle-de işewür düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi Türkmenistanda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda geçirilýän çäräniň ähmiýetini belledi we myhmanlara Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň filosofiýasynyň düýp manysy, onuň döredijiliginiň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň ösüşine edýän täsiri barada gürrüň berdi.
HHR-yň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin bu çärä hytaý tarapyndan hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.
Lýu Bin öz çykyşynda türkmen halkyny Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem döredijilikli ösüşiň ýoly bilen pugta öňe gitjekdigine ynam bildirdi.
Uly ekranda Türkmenistan barada söz açýan wideoşekiller görkezildi. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi. Hytaýyň Merkezi konserwatoriýasynyň ýanyndaky mekdebiň sazandalary türkmen, hytaý we ýewropa kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Soňra Magtymguly Pyragynyň hytaý dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Ilçisi Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşirini taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklary üçin kitaby neşir etmek boýunça iş toparynyň agzalaryna ýadygärlik sowgatlaryny we Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.
Hytaýyň Atçylyk birleşiginiň Baş sekretary, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi ýygnananlara beýik şahyryň we akyldaryň saýlanan goşgularyny terjime etmegiň ähmiýeti, şeýle hem bu neşiriň çapdan çykarylmagy bilen bagly amala aşyrylan işler barada gürrüň berdi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan ähli myhmanlara “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň nyşany ýerleşdirilen sowgatlyk toplumlar, şeýle hem türkmen önüm öndürijileriniň konditer önümleri gowşuryldy.