2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseriniň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Bu ugurda, 28-nji noýabrda Ankara uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň alymlary we ýazyjylary beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrmakdaky we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä tanatmakdaky ägirt uly goşandy barada pikir alyşdylar.
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Ankara şäherindäki edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň türk dilindäki tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaradaky çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden dünýä ýaýmakdaky ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem, şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Magtymguly Pyragy» ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we syýasy işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy. Çärä gatnaşanlaryň çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň dünýä edebiýatynyň hazynasyndaky orny we türkmen halkynyň milliligi baradaky düşünjelerine goşan goşandy bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar Merkezde ýerleşdirilen dürli ylmy neşirler, şahyryň eserleriniň ses ýazgyly ýygyndylarynyň sanly görnüşleri, Türki dünýäsiniň alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we ömrüne bagyşlan ylmy işleri bilen tanyşdylar. Täze Merkeziň açylmagy türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny ylmy taýdan öwrenmekde we ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygy bellärliklidir.
Açylyş dabarasynyň tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça türkmen-türk ylmy-barlag jemgyýetçiliginiň ilkinji mejlisi hem geçirildi.