icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

20 fewral 2025

711

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet magaryf uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Döwlet magaryf uniwersitetinde çäre geçirildi.

Maslahata uniwersitetiň we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Döwlet magaryf uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlarynyň beýan edilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna aýratyn üns çekildi.

Çäräniň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly dünýäniň akyldary», şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Döwlet magaryf uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna täze kitaplaryň nusgalary gowşuryldy.

Döwlet magaryf uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary hem öz gezeginde tans kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler we Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okadylar.

Türkmenistanyň Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen Döwlet magaryf uniwersitetiniň rektory N.A.Naumowanyň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde talyp durmuşynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi