icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

21 fewral 2025

773

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigini we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geçen ýylda ýeten esasy sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

P.Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini aýtdy. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taraplaryň taýýardyklary mälim edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi