icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

28 fewral 2025

876

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň "Magtymguly - dünýäniň akyldary" atly kitabyň tanyşdyrylyşy

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çäre Ilçihana tarapyndan Päkistanda ýaşaýan owgan türkmen diasporasynyň wekilleri üçin gurnaldy.

2025-nji - "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak " ýylynyň öňisyrasynda we 2024-nji - "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Magtymguly - dünýäniň akyldary" atly kitabyny ýazyp tamamlandygy we onuň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenler hem-de Magtymguly Pyragynyň dörejedijiligini söýýän okyjylar üçin ajaýyp we bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygy bellendi.

Myhmanlara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň täze kitaby bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Çärede çykyş edenler döwlet baştutanynyň kitabynda Magtymgulynyň türkmen halkynyň taryhyndaky ähmiýeti, döredijiligi we dünýä edebiýatyna goşan goşandy giňişleýin açylyp görkezilendigini nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda türkmen diasporasynyň wekilleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu ajaýyp edebi eseri üçin minnetdarlyk bildirdiler we ähli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi