icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

01 mart 2025

896

Belarusyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen bolan duşuşyk hakynda

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary P.Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi P.Utýupine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyna ýollanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda geljekde bilelikde amala aşyrylmaly işleriň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm  ugurlaryna garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi