icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

14 mart 2025

190

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gowşuryldy

2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Ýerewandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident W.Haçaturýan Türkmenistan bilen Ermenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtady. Ol bilelikdäki işewür maslahatlaryň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pygtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi.

Ilçi M.Aýazow şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum forumynyň geçirilýändigini we bu çärä Ermenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny habar berdi, şeýle hem Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy.

W.Haçaturýan Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigini belledi. Ol çakylyk hatyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi we bu çärä ermeni tarapyndan ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi