icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

15 mart 2025

148

Stambul şäherinde şu ýylyň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň hem-de Stambul şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň “Türk dünýäsi” klubynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýerli KHBS-iň habarçylary gatnaşdylar.

         Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly M.Öwezow öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini nygtady. Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar barada hem maglumatlar berildi.

Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.

Çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi