img
img
img
img
28 aprel 2025
2967

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, taraplar öňde boljak sammitiň çäklerinde gol çekiljek resminamalara ser saldylar.

Formatyň çäklerinde syýasy dialogy ösdürmek, hemmetaraplaýyn bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, ulag aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle-de durnukly ösüş we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri boýunça  Maglumat beýanaty kabul edildi.