Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) ştab-kwartirasyna okuw saparyny amala aşyrmak maksady bilen Ženewa şäherine boldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekilleri HZG-niň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda durmuş ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasy bilen özara gatnaşyklara, şol sanda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Saparyň maksatnamasy HZG-niň işi, onuň gurluşy we iş mehanizmleri, şeýle hem guramanyň ştab-kwartirasynyň bölümleriniň işi bilen tanyşmagy öz içine aldy.