Buharestde Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Buharest şäheriniň Agronomik ylymlar we weterinar medisina uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ulgamlarynda amala aşyrylan özgertmelere ýokary baha berildi.
Gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine gönükdirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Gatnaşyjylar bu gymmatly eseriň halkara giňişliginde parahatçylyk medeniýetini we özara hormat goýmagy pugtalandyrmakdaky aýratyn ähmiýetini bellediler.
Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny ýaýbaňlaşdyrmak işine aýratyn üns berildi. Ahalteke bedewleriniň diňe bir döwletliligiň nyşany bolman, eýsem Türkmenistanyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşan özboluşly goşandydygy nygtaldy.