03 aprel 2026
1079
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garadylar.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Başga habarlar
22
Aug
Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
22
Aug
Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
22
Aug
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda
22
Aug
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda tegelek stol geçirildi
22
Aug
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol geçirildi
Ähli habarlary görmek