img
img
img
img
07 maý 2026
43

Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Daşky gurşaw boýunça komitetiniň başlygy, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy Takuma Miýaji bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy we tagallalary üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar parlamentara diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, hususan-da, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy we atçylyk pudagy ýaly özara bähbitli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşyldy.