img
img
img
img
15 maý 2026
84

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-iniň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Muratow, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň DIM-iniň Konsullyk departamentiniň baş direktory Oana Dariýe ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk we migrasiýa ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda wiza hyzmatdaşlygyny, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsullyk hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy we konsullyk işgärleriniň taýýarlygy meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda konsullyk ugry boýunça amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.