img
img
img
img
15 maý 2026
104

Ž.Balasagyn Gyrgyz Milli Uniwersitetinde ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ž.Balasagyn Gyrgyz Milli Uniwersitetinde "Türkmenistan: Dil, Edebiýat, Taryh we Medeniýet" atly halkara maslahat geçirildi.

Çärä Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary we talyplary gatşadylar. Şeýle hem Magtymguly  adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri widearagatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň şygary bolan — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Olar bu şygaryň ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny — bitaraplygy, parahatçylygy we milli jebisligi özünde jemleýändigini bellediler. Şeýle-de, şygaryň diňe bir Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we halkara abraýyny däl, eýsem halkyň täze üstünliklere, ösüşe we rowaçlyga bolan ymtylyşyny hem alamatlandyrýandygy nygtaldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri türkmen dili, medeniýeti we milli däp-dessurlary barada manyly çykyşlar etdiler. Maslahatyň dowamynda ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda gazanan üstünliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna aýratyn üns berildi.