img
img
img
img
12 iýun 2026
78

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Denizli şäheriniň Söwda-senagat edaralary we haryt biržalary birleşiginiň binasynda türkmen-türk işewürlik forumy guraldy.

Çärä türk kompaniýalarynyň 100-den gowrak ýolbaşçysy hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady Türkiýe Respublikasynyň işewürler toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Ýurtda hususy pudagy goldamak, amatly maýa goýum gurşawyny döretmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada aýratyn durlup geçildi. Türkmenistanyň işewürligi netijeli alyp barmak we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Forumyň gatnaşyjylaryna durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.

Forumyň çäklerinde nebitgaz-himiýa senagaty, agrosenagat toplumy, ulag-logistika ulgamy, şeýle hem telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugurlaryna türk maýa goýumlaryny çekmegiň geljegi uly mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyna hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.