Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi.
Bu maslahata diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we işgärleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler.