«Turkic World» halkara habarlar internet-portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygy we onuň geçirilşini giňden beýan eder
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleriniň hem-de onuň geçirilişini ulgamlaýyn esasynda maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçiriljek mejlisine bagyşlanan ýörite bölümde resmi habarlar, maglumatlar, şeýle hem bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreler barada habarlar yzygiderli çap ediler. Mejlisiň geçirilýän günlerinde bolsa, bu bölüm onuň barşy, esasy çykyşlar, kabul edilen çözgütler hem-de öňe sürülýän başlangyçlar barada maglumatlar bilen yzygiderli üstüni ýetiriler.
Ýörite bölümiň döredilmegi Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen «Turkic World» halkara habarlar internet-portalynyň bilelikdäki işiniň netijesi bolup, ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişini hemmetaraplaýyn beýan etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty barada halkara jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat ýetirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişi bilen baglanyşykly neşirler «Turkic World» halkara habarlar internet-portalynyň şu salgysynda elýeterli bolan ýörite mowzuklaýyn bölüminde ýerleşdiriler: https://turkic.world/tm/latest/.