img
22 awgust 2026
160

Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we «2028-nji ýyl - Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda, Hindistanda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl - Halkara hukugynyň ýyly » atly Kararnama bagyşlanan çäre geçirildi.

Öz çykyşynda Ilçi Ş.Geldynazarow, 2026-njy ýyl - “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli çäreler barada gürrüň berdi.

Hususan-da, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki goýan wezipeleri barada maglumatlar gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemlenjekdigi hem-de ýurdumyzy mundan beýläk ösdürmekde wezipeleriň kesgitlenjekdigi nygtaldy.

Şeýle hem çärä gatnaşanlar, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly Kararnama bilen tanyşdyryldy. Kararnama 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi we bu başlangyjyň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň üstünligi hökmünde bellenildi.