img
img
img
img
01 sentýabr 2026
61

Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara sport-medeni çärä dünýäniň 100-den gowrak döwletinden türgenler gatnaşýar. Oýunlaryň maksatnamasyna medeniýet, etnosport we ylym ugurlary girizilip, sportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilýär. Olaryň hatarynda milli göreş, at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, aň-paýhas oýunlary we beýleki milli sport görnüşleri bar.

Ýaryşlara Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp, türkmen milli göreşi we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.

VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam eder. Çäräniň esasy çäreleri Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oýunlaryň çäklerinde Gyrçyn jülgesinde 300-den gowrak ak öýden ybarat etno-şäherjik döredilip, onda gyrgyz halkynyň milli medeniýeti, amaly-haşam sungaty we çarwa durmuşynyň däpleri görkezilýär.

Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli däp-dessurlaryny, medeni mirasyny we etnosport görnüşlerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga hyzmat edýän möhüm halkara çäreleriň biridir.