img
img
img
img
19 oktýabr 2026
64

Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, kiçi komitetiň Türkmen böleginiň başlygy Allaberdi Aşirowyň hem-de kiçi komitetiň Hytaý böleginiň başlygy, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guançžun ýolbaşçylyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň Gün tertibine laýyklykda, kiçi komitetiň öňki mejlisiniň geçirilen wagtyndan bäri ýerine ýetirilen işlere syn berilip, gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi, iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de hünärmenleriniň birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrandygy bellenildi.

Ylym we tehnologiýa babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylmyň gazananlaryny nebit-gaz we energetika pudaklaryna ornaşdyrmak; nebitgaz himiki tehnologiýalary we nanomateriallary işläp taýýarlamakda ylmy alyş-çalşygy alyp barmak; emeli aň babatynda akademiki binýady berkitmek we amaly başarnyklary ýokarlandyrmak; seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek; adaty oba hojalyk mikroorganizmlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy sintetiki biologiýa we genleri takyk redaktirlemek usullaryny ornaşdyrmak babatynda tejribe alyşmak; çölleşmä garşy göreşmek we köpdürli biologiýany saklap galmak; gowaçanyň seleksiýasy we suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek görkezildi.

Ýokarda görkezilen esasy ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek ylalaşyldy.

Mejlisde 2026-njy ýylyň aprel aýynda gol çekilen «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk barada 2026–2028-nji ýyllar üçin Maksatnama» we onuň  Meýilnamasyna ýokary baha berildi.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.