Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo–2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagy mynasybetli Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyşy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guraldy.
Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.
Çäräniň çäklerinde Şanhaýyň Milli sergi we maslahatlar merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryldy. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gazananlary we türkmen öndürijileriniň önümleri görkezilýär.
«Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşi: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly umumy mejlisde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Forumyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem energetika, dokma senagaty, gurluşyk we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine garaldy. Hytaýly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri hem-de daşary ýurt maýadarlary üçin döredilen amatly şertler barada maglumat berildi.
Çäräniň netijeleri boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmen-hytaý işewürlik forumy 7-nji noýabra çenli dowam eder.