icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

27 aprel 2018

2711

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Gadyrly myhmanlar!

Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VIII mejlisini geçirýäris. Güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!

Men şu pursatdan peýdalanyp, Siziň ähliňizi forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlik, atçylygy ösdürmekde we meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly atşynaslar!

Biz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän şu günki mejlisimizde ahalteke atçylygyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek meselelerine seredip geçeris hem-de assosiasiýanyň işjeň agzalarynyň bu ugurda alyp barýan işleri baradaky çykyşlaryny diňläris. Şeýle-de, şu günki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze agzalary kabul ederis, onuň IX mejlisiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitläris hem-de assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys we degişli çözgütleri kabul ederis.

Gadyrly atşynaslar!

Şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine sekiz ýyl dolýar. Bu döwürde dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar assosiasiýamyzyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 32 döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 137-si assosiasiýanyň agzasy bolup durýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar hem-de bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde halkara derejede giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýyl hem türkmen bedewiniň şanyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekiliň gatnaşýandygyny bellemek isleýärin.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi we atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar hem-de at çapyşyklary, atly sport bäsleşikleri geçirilýär. Bu bolsa ady äleme dolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi behişdi ahalteke bedewleriniň şanyna halkara derejede geçirilýän bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Bu baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin size ähli mümkinçilikler dörediler.

Hormatly myhmanlar!

Siz ýurdumyzda myhmançylykda bolýan günleriňizde, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşanyňyzda, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine halkymyzyň uly hormat goýýandygyna hem-de bedew atyň biziň durmuşymyzda tutýan ornuna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirersiňiz. Şeýle-de ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylandygy we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Hormatly assosiasiýanyň agzalary!
Hormatly myhmanlar!

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek bilen, dünýä ýüzünde ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbüni tutduk. Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Bu ugurda seçgi tohumçylyk işlerine hem köp zähmet siňdirildi, şol işler häzirki döwürde hem türkmen atşynaslary tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär.

Muňa mysal edip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň hem-de onuň çäginde atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurlandygyny görkezmek bolar. Halkara ahalteke we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek düşegi düşelip döwrebaplaşdyryldy.

At çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplara laýyklykda guramak we geçirmek hem-de türgenlerimiz we janköýerlerimiz üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durky täzelenildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, şeýle hem at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamak üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde okuw merkezi guruldy.

Ýurdumyzda atçylyk sportunyň konkur görnüşini has-da ösdürmek we bu ugurda ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap açyk we ýapyk manežler guruldy. Türkmen bedewleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak üçin daşary döwletlerden gelýän bedewleriň kesellerden arassadygyny kesgitlemek we olary karantin barlagyndan geçirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi guruldy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmakda mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça şäherinde döredijilik iş saparlarynda bolup, sirk oýunlary boýunça abraýly halkara festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň tapawutly aýratynlyklaryny görkezýär. Muňa mysal hökmünde toparyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Italiýanyň Latyna, Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherlerinde geçirilen Halkara sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolandygyny görkezmek bolar.

Hormatly atşynaslar we gadyrly myhmanlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek atçylyk sportunyň konkur görnüşi hem goşuldy. Munuň özi ahalteke bedewleriniň atly sport boýunça şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we bu ugurda ahalteke bedewlerimiziň ýokary ukybyny doly açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. Biziň türgenlerimiz konkur boýunça geçirilen bäsleşiklerde ahalteke bedewlerinde üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.

Atly sporty ösdürmegiň beýleki ugurlary boýunça hem giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Mysal üçin, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem atşynaslarymyzyň çekýän zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryna bu hormatly atlar yzygiderli dakylýar. Biz geljekde hem öz ykbalyny behişdi bedewlerimiz bilen baglan atşynaslarymyzyň çeken halal zähmetine mynasyp baha bereris.

Hormatly atşynaslar!

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilişi, ahalteke bedewleri baradaky taryhy we beýleki gymmatly maglumatlary, bu ugurda atşynaslarymyzyň alyp barýan mynasyp işlerini giňişleýin beýan etmekde we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmelidiris. Assosiasiýanyň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurda işleýän hünärmenleriň we bilermenleriň işini utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, internet ulgamynda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke atlary barada doly we takyk maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär.

Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda ahalteke bedewleri özüniň gaýtalanmajak syn-sypaty we owadanlygy bilen bedew muşdaklaryny özüne çekip, dünýäniň döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär. Assosiasiýamyzyň döredilen gününden bäri dünýä boýunça behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek isleýänleriň, at muşdaklarynyň sanynyň hem ýylsaýyn artýandygyny bellemek biziň üçin has-da buýsançlydyr. Atçylyk pudagy boýunça häzirki wagtda türkmen atşynaslary bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Ahalteke atçylygy boýunça halkara derejede özara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynda assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp geçmek bilen, bu jemgyýetçilik guramasyna agza bolup durýan daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplarynyň we hususy atşynaslarynyň ählisine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Bu ugurda biziň alyp barýan gatnaşyklarymyzyň barha pugtalandyryljakdygyna we kämilleşdiriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk sungatynyň döremeginde bimöçber goşandy bardyr.

Geljekde hem nusgalyk gözelligi özünde jemlän, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny dowam edip, ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlerimize bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis.

Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Sizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu günki geçirilýän mejlisiň hem assosiasiýamyzyň meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga, dünýäniň dürli künjeginde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna uly ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we atçylygy ösdürmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi