icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 sentýabr 2015

2704

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözi (2015-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Nýu-Ýork şäheri)

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly jenap Baş sekretar!

Hormatly wekiliýetleriň

baştutanlary we agzalary!

Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär.

Dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň ösüş babatda halkara Gün tertibini ilkinji gezek kesgitläp, häzirki döwrüň birnäçe möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen, arkalaşykly hereket etmegiň usulyny döreden pursadyndan bäri 15 ýyl geçdi.

1. Häzir biz Müňýyllygyň jarnamasynda beýan edilen Ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleriň ýakyn 15 ýyllyk döwürde bilelikde işlemek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda gutarylman galan işleri tamamlamak hem möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ählumumy strategiýasy zerurdyr.Ýokary derejedäki şu duşuşykda tassyklamak üçin hödürlenen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar.

Türkmenistan bu resminamany doly goldaýar we onuň kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

2. Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiniň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir.Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir.

Ýokarda sanalyp geçilen şertler durnukly ösüşiň ykdysady wezipelerini ýerine ýetirmekde halkara bileleşiginiň takyk we sazlaşykly işlemegini talap edýär.Geçiriljek işleriň köp babatda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Bu bolsa gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer. Çeýe üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, senagat taýdan durnukly ösüşi goldamaga we innowasiýalary höweslendirmäge giň şertleri döreder.

Bu işleriň ählisi ahyrky netijede bize önümçiligiň we sarp etmegiň durnukly ülňülerini döretmäge, ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmaga mümkinçilik berer.Elbetde, göz öňünde tutulan bu maksatlara ýetmek özara gatnaşyklaryň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen aýrylmaz baglydyr.

3. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň bu ugra degişli anyk teklipleri bermäge taýýardygyny bellemek isleýärin.

4. Şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit toparlarynyň bu ugurda işleri güýçlendirilse, dogry bolar diýip pikir edýärin.

Hanymlar we jenaplar!

2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Gün tertibiniň esasy häsiýetnamalarynyň biri hem onda ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn üns berilmegidir. Şoňa görä-de, Durnukly ösüş maksatlarynda ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň birinji orna çykarylmagy ýöne ýerden däldir.

Bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, şeýle hem ählumumy wezipeleri amala aşyrmaga gönüden-göni jogap berýän halkara guramalarynyň alyp barýan anyk maksada gönükdirilen işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak bilen baglydyr.

5. Şeýlelik bilen, dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga garşy göreş alyp barmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ähli ýurtlaryň bilelikde hereket etmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, ähli döwletleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Azyk we Oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk guramasy ýaly edaralary bilen sazlaşykly işlemegi zerurdyr.

6. Şunuň bilen baglylykda, biz Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda netijeli işleri alyp barmaga taýýardygymyzy beýan edýäris.

7. Ýaşaýyş-durmuş wezipeleriniň hatarynda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, beýleki halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerurdyr.Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer diýip pikir edýärin.

8. Hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynanýarys.Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň belli bir ugurlar boýunça guramalary we agentlikleri bilen örän işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny bellemek isleýärin.Biz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys.

9. Gender deňligi ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar. Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksady goýduk.Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň gender deňligi boýunça duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýarys.

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

10. Şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen, howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris.Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys.Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen duşuşyklary we halkara maslahatlary dünýäde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge uly goşant goşdy.

11. Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Parižde geçiriljek maslahatynda biziň ählimiz bilelikde bütin dünýä üçin örän uly ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarys.

Türkmenistan howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldap çykyş edýär. Biziň ýurdumyz maslahata çenli galan döwürde bu ugurdaky garaýyşlaryň işjeň öňe sürülmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiziň dürli maslahatlarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda öz konsepsiýasyny resmi taýdan beýan edendigini we birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini ýatlatmak isleýärin.

12. Bu teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Türkmenistanyň bu garaýşa ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin.

Hormatly Başlyk!

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

13. 2015-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukukýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar.

Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuňhalkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Bu aýdylanlarTürkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täzeRezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berk we üýtgewsiz goldandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

14. Biziň Garaşsyz döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanan Halkara maslahaty geçiriler.Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny biziň ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga şu belent münberden ýene-de bir gezek çagyrýaryn.

15. Sözümiň ahyrynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we adalatyň belent maksatlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň hatyrasyna ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur işleri geçirjekdigini aýratyn bellemek isleýärin.

Üns berip diňläniňiz üçin sag boluň!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi