icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

17 oktýabr 2019

2727

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň

baştutanlary we agzalary!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

 

Sizi Türkmenistanda mähirli mübärekleýärin. Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmaga çakylygymyza seslenendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Şu zala Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça ýurdundan işiň dürli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlar — syýasatçylar, diplomatlar, işewürler, ekologlar, alymlar, žurnalistler ýygnandylar.

Biziň ählimiz Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine düşünýän pikirdeşlerdiris. Häzirki zaman garaýyşlaryna we ölçeglerine esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Şu gün men birinji Hazar ykdysady forumyny çagyrmak hakyndaky başlangyjymyzy goldandygy üçin Hazarýaka ýurtlaryň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildiresim gelýär.

Bu teklip ählumumy we sebit ösüşiniň häzirki zaman prosesleriniň, möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň onda eýeleýän ornunyň çuňňur seljermesiniň netijesi boldy. Häzirki döwürde bu ýerde diňe bir kenarýaka ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem bähbitleri jemlenendir. Şol bähbitler bolsa Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýandygy bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Hazar deňzi tebigaty goramak ulgamynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini talap edýän gaýtalanmajak ekologiýa ulgamly täsin tebigy toplumdyr.

Biz Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky pikiri öňe sürmek bilen, şu ýagdaýlaryň ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki işi üçin şertleri döretmek mümkinçiliklerinden ugur aldyk.

Häzirki wagtda bu pikir amala aşyrylyp başlandy. Umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen birleşen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi uly giňişligi döreýär.

Men siziň ähliňizi şu ilkinji, ýöne örän möhüm we ähmiýetli waka bilen gutlaýaryn!

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Öňümizdäki işiň barşynda biz Hazar gün tertibiniň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşarys. Forumyň «ykdysady» diýen ady, elbetde, hut ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary, innowasiýalar we tehnologiýalar meselelerine aýratyn üns berilmelidigini aňladýar. Forumyň barşynda netijeli pikir alyşjakdygymyza hem-de ýagdaýlara baha berjekdigimize ynanýaryn. Ýöne, şolara geçmezden öňürti, men esasy zady belläp geçmek isleýärin. Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez.

Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir. Şunuň bilen baglylykda, biziň sebitimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşini üpjün etmek, Hazarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-hukuk esaslaryny döretmek maksady bilen, 2002-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçirilendigini ýatlatmak isleýärin. Hut şonda Hazar meseleleri boýunça ulgamlaýyn, köp derejeli hem-de yzygiderli gepleşikler üçin berk binýat goýuldy.

Şondan soňra biziň döwletlerimiziň, olaryň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiligi we syýasy erk-islegi, birek-biregiň bähbitlerine düşünmegi hem-de nazara almagy netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Biz, hakykatdan hem, uly ýoly geçdik, syýasy-diplomatik ulgamda möhüm ylalaşyklar gazanyldy, hyzmatdaşlygyň giň, mazmunly hukuk binýady döredildi.

Geçen ýyl Aktauda bäş döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi şu işiň netijesi boldy. Bu resminama hyzmatdaşlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda, şeýle hem Hazarda işiň anyk ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Şoňa görä-de, şu gün biz umumy Hazar ösüşiniň wajyp wezipelerini çözmek meselesine ünsümizi jemlemelidiris.

Biziň pikirimizçe, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermek şol wezipeleriň hatarynda durýar. Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlary netijeli ulanylanda, kenarýaka ýurtlaryň hem-de olaryň goňşy döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň okgunly ösmegi üçin kuwwatly itergi bermäge, täze önümçilikleri döretmek, senagat desgalaryny gurmak üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr. Hazaryň energiýasy sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň esasyna öwrülmelidir.

Öz nobatynda, oňaýly durmuş netijeleriniň gazanylmagy: täze iş orunlarynyň döredilmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş düzüminiň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurulmagy hem şunuň bilen baglydyr.

Köp babatda uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly senagat taýdan ösüş Ýer togalagynyň şu nokadynda ähli ykdysady landşafty düýpli özgertmäge, Hazarýaka sebiti deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde ählumumy ykdysady giňişlige ýakynlaşdyrmaga ukyplydyr.

Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir.

Şeýle ýagdaý geografik azimutlaryň dördüsi boýunça hem durnukly ugurlary döretmek mümkinçiliklerini açýar. Ýöne olaryň kadaly hereket etmegi üçin, Hazar döwletleri, ilkinji nobatda, öz aralarynda ulag gatnawlarynyň ygtybarly ulgamyny ýola goýmalydyrlar, döwrebap port düzümini gurmalydyrlar, netijeli logistikany üpjün etmelidirler. Ulag ulgamynda amala aşyrylmaly işler we anyk möhletler takyk beýan edilen meýilnamalaryň üstünde has işjeň işlemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, men Hazar sebit logistika merkezini döretmek pikirine gaýdyp gelmek isleýärin. Şol merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda biziň bilelikdäki işimizi utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidir.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar.

Häzirki döwürde biz Hazar deňziniň ýalpaklygynda, şeýle hem Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny işjeň özleşdirýäris. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurt kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Hazaryň türkmen kenarynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän we ondan mineral dökünlerini, polimerleri, suwuklandyrylan gazy, nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän zawodlar gurulýar.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynyň esasynda biz ýurdumyzyň çäginde işleri alyp barmak bilen, senagat jemgyýetiniň berk esasyny döredýäris. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan häzirki zaman we köp şahaly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýolunda barýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan awtomobil we demir ýollarynyň müňlerçe kilometri guruldy.

Geçen ýyl Türkmenbaşyda geçirijilik ukyby ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabar bolan täze Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Şunda gysga wagtyň içinde milli deňiz söwda floty döredildi. Onuň düzümine döwrebap tankerler, gury ýük daşaýan gämiler, paromlar girýär.

Men bu mysallary Hazarýaka döwletleriň giň gerimli halkara bazarlaryna hem-de esasy ulag ýollaryna çykmagy boýunça meýilnamalaryň anykdygyny nygtamak üçin getirýärin. Biziň ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli mümkinçilikleriniň, bäsdeşlik babatda anyk artykmaçlyklarynyň bardygyny gaýtalaýaryn.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitiniň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tutuş dünýä biziň teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn. Bu gatnaşyklar durnukly, syýasylaşdyrmakdan hem-de ynsapsyz bäsdeşlikden azat bolmalydyr, düşnükli hem-de aç-açan ýörelgelerde işlemelidir.

Bu babatda biz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä söwda guramasy, beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmelidiris, olaryň meýdançalarynda umumy, ylalaşykly nukdaýnazardan çykyş etmelidiris. Şeýle hem sebit halkara bileleşikleriniň ençemesiniň: Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň oňyn iş tejribesini öwrenmegi maksada laýyk hasaplaýaryn.

Hazar gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşipdir, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni siwilizasion gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde onuň döreýşiniň we ösüşiniň taryhyna hormat-sarpa bilen garamalydygymyza ynanýaryn. Beýleki tarapdan bolsa, muny täze, häzirki zaman başlangyçlary esasynda, bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak hem-de özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda etmek gerek.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Ylma, aň-paýhasa daýanmak bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazaryň ykdysady ösüşiniň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ýakynlaşmagynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda göze ilýän okgunly tehnologik öňegidişlik, sözüň doly manysynda, geoykdysadyýetiň adaty keşbini, dolandyryş çözgütleriniň hilini we derejesini, ählumumy ykdysady prosesleriň mazmunyny üýtgedýär.

Meniň pikirimçe, şu ýagdaýlar esasynda işlemek, galyberse-de, bu ýerde, biziň sebitimizde olara täsir etmek wezipesine Hazar ýakasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmalydyr.

Bu ýerde tehnologiýa ulgamyny döretmäge uly üns bermek, munuň üçin zerur serişdeleri bölüp bermek, intellektual, guramaçylyk kuwwatyny gönükdirmek zerurdyr. Biz hyzmatdaşlygymyzyň üstüni innowasion mazmunlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmalydyrys, hut şolar sebitiň geljekki ösüşiniň, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ugurlaryny kesgitlemelidir.

Ilkinji ädim hökmünde tehnologik we innowasion badalga üçin anyk binýatlaýyn meýdançany döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şu maksatlar bilen, halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmegi teklip edýäris, ony «Hazaryň innowasion şäheri» diýip atlandyrmak bolar. Bu ýerde, pikirleriň özboluşly laboratoriýasynda Hazarýaka ýurtlardan we beýleki döwletlerden alymlar, hünärmenler, düýpli we amaly ylymlaryň wekilleri Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde bilelikde işläp, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalaryny, Hazar meselesiniň köp ugurlary — energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap bilerler.

Şeýle hem «Hazaryň innowasion şäheriniň» ýanynda «Sanly ykdysadyýet» bölümini döretmegi zerur hasaplaýarys. Munuň özi geljek üçin badalga hökmünde möhümdir. Ol Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň işini sanly ulgama geçirilmegini üpjün eder.

Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak işinde hem ylma aýratyn orun degişlidir. Amaly nukdaýnazardan, munuň özi Hazar sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisiniň ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris. Şol bir wagtyň özünde, bu Maksatnama Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary döredip bilerdi. Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen bu meselä jikme-jik garamaga taýýardyr.

Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň, ilkinji nobatda bolsa, onuň ekologiýa ugurly ýöriteleşdirilen edaralarynyň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris.

Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys. Munuň özi biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň belent münberinden yzygiderli goraýan hem-de özüniň milli ösüş meýilnamalaryny kemala getirmekde gyşarnyksyz eýerýän düýpli we jogapkärli garaýşydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ýollaryny ýola goýmagy bu işe döwletleri, halkara agentliklerini, ekologiýa merkezlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi ýerlikli hasaplaýaryn. Bu täsin deňzi tutuş adamzat üçin saklap galmagyň bähbidine ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygyň kadaly düzgünleşdirilen hem-de çeýe guralyny ýakyn geljekde döretmegi biziň umumy maksadymyz hasaplaýaryn. Şu başlangyjyň üstünde pikirlenmegi teklip edýärin.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Hazar deňziniň geljegi barada aýtmak bilen, Türkmenistan oňa tutuş dünýäniň geljegi babatda garaýar we özüniň işini Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi bilen utgaşdyrýar. Biz geografik babatda hem, durmuş-ykdysady babatda hem Hazary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýarys.

Ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar öýüniň esasy daýanjy bolup durýar.

Men BMG-niň jogapkärli we hormatly agzalary hökmünde biziň döwletlerimiziň özleriniň ösüşiniň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasy ugurlaryna laýyklykda çemeleşmelidigine, onuň ygtybarly hyzmatdaşlary bolmalydygyna ynanýaryn. Şoňa görä-de, BMG-de Hazar sebitini toplumlaýyn ösdürmek boýunça giňişleýin we köptaraplaýyn gepleşikleri, şol sanda şu forumyň işiniň barşynda aýdyljak pikirlere we bahalara esaslanyp gepleşikleri geçirmegi teklip edýärin.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Birinji Hazar ykdysady forumy uly ýoluň başlangyjydyr. Biz şeýle usulyň Hazarda strategik gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guralyna öwrülmegine bil baglaýarys, muňa tüýs ýürekden ynanýarys.

Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi emele geldi, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy.

Elbetde, taryhda dürli, kä halatda, çylşyrymly döwürler boldy, şolardan sapak almak, dogry netije çykarmak zerurdyr. Ýöne, bu gün Hazar biziň öňümizde täze sepgitleri açýar.

Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Wagtyň geçmegi bilen bu sözleriň manysynyň üýtgemeýändigi şübhesizdir. Olar hemişe-de derwaýys bolmagynda galar.

Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin “geljegiň nusgasy” diýip atlandyrýarys.

Häzirki döwürde bu nusga anyk keşbe eýe bolýar. Onuň ýaşaýşa ukyply bolmagy, adamlara peýda getirmegi, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyna hyzmat etmegi, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek siziň hemmäňizi gutlaýaryn, size berk jan saglyk, abadançylyk we geljekki işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi