icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

24 awgust 2020

3242

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

Giriş

Baş Assambleýanyň 75-nji ýubileý mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş ulgamynyň işinde iň möhüm wakalaryň biridir. Ol häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň ornuna dogruçyl baha bermäge gönükdirilip, onuň bar bolan ählumumy özara gatnaşyk ulgamynyň sütüni bolup durýan, halkara giňişlikde parahatçylygy gorap saklamagyň we bähbitleriň deňagramlylygyny, emele gelen howpsuzlyk gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili bolan iň abraýly, kanuny hem-de köpugurly halkara forum hökmünde çykyş edýär.

Öňümizdäki mejlisiň dowamynda Türkmenistan halkara hukugyň köptaraplaýyn kadalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasynda halkara gatnaşyklaryň we dünýä ykdysadyýetiniň köpugurly esaslaryny berkitmek ugrunda gyşarnyksyz çykyş edip, halkara meselelerde BMG-niň öňdebaryjy we utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk amaly çäreleri durmuşa geçirer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebit we halkara gün tertibindäki meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini durmuş ýüzünde amal etmek boýunça işi dowam eder.

Ylalaşylan köptaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, şeýle-de ählumumy strategiýalary we maksatnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklygynyň mümkinçiliklerinden, şonuň ýaly-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşindäki, Söwda we Ösüş konferensiýasynyň Söwda we Ösüş boýunça geňeşindäki, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetindäki, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasyndaky, Ilat we ösüş boýunça komissiýasyndaky, Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyndaky, Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasyndaky we guramanyň beýleki düzümlerindäki agzalygyndan gelip çykýan mümkinçiliklerinden doly peýdalanar.

Pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy

Häzirki wagtda adamzadyň täze ählumumy wehim bolan koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda Türkmenistan koronawirusa garşy we onuň ýaýramagynyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady netijeleri bilen bagly göreşdäki dünýä bileleşiginiň utgaşykly tagallalaryny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň pandemiýa garşy göreşmek üçin ýaragly çaknyşyklarda ot atyşlygyny bes etmek, şeýle hem BMG-niň ösüş strategiýalaryna we koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryna hem-de strategiýalaryna esaslanýan ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny goldaýarys.

Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň ýaýramak meselesiniň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar.

Özüniň bu ugurdaky ädimlerini dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen aýakdaş alyp barmak bilen, Türkmenistan ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we beýleki ugurdaş pudaklardaky hünärmenleriň ulgamlaýyn gatnaşygyny ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikiriň esasy maksady täze koronawirusyň gelip çykyşynyň tebigatyny, bu ýokançdan döreýän keselleriň ýüze çykyş görnüşlerini, şeýle hem olary bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen köptaraplaýyn ýokary hünär dialogyny döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistan pandemiýa garşy bilelikde göreşmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn guramaçylyk gurallarynyň kämilleşdirilmeginiň ýa-da döredilmeginiň zerurlygyny aýratyn belleýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäginde halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, hususan-da, koronawirusyň täze görnüşine garşy göreşde tehnologiýalara we işläp taýýarlanylýan lukmançylyk serişdelerine ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegine niýetlenen «ACT-Accelerator» başlangyjyny we «C-TAP» platformasyny goldaýarys.

Köptaraplaýyn tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ýokary derejelere ýetmek maksady bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň barşynda şu aşakdaky halkara gurallary işläp düzmek we döretmek meselelerine garamagy teklip edýär:

— Koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasy. Ol koronawirus ýokanjynyň etiologiýasyny düýpli öwrener, bu bolsa köp babatda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli döreýän keselleri bejermegiň dogry usullaryny kesgitlemäge ýardam eder we ýokanjyň ýokuşma usullary hem-de onuň mutasiýasy baradaky bar bolan sowallara jogap berer.

— Öýken sowuklamasyna garşy göreşde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň köptaraplaýyn guraly. Onuň esasy wezipesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda ýokanjyň täze görnüşiniň döredýän keselleriniň mälim bolmadyk ýüze çykmalaryny öwrenmekden ybarat bolup biler.

— Ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Usulyýet merkezi. Ol täze mikrobedenjikleriň gelip çykyşynyň tebigaty we şolar sebäpli döreýän keselleriň ýüze çykma görnüşleri bilen bagly bolan gözlegleriň netijelerine esaslanyp, täze ýokanç keselleri bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny hem-de teswirnamalaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan adamlara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, netijeli bejermek we ynsan ömrüni halas etmek maksady bilen, ýokarda agzalan başlangyçlary durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň we BMG-niň ulgamynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň goldawyna bil baglaýar.

Halkara syýasat, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de berkitmek häzirki zaman şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar we ýakyn geljek üçin ählumumy gün tertibiniň esasy ugry bolmagynda galýar. Bu, ilkinji nobatda, ählumumy pandemiýa şertlerinde adaty howplaryň üýtgemegi we hereket edýän howpsuzlyk gurluşynyň tutuşlygyna wehimleriň täze utgaşmalaryna çalt uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu şertlerde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryndan we kabul edilen esas goýujy konwensiýalaryň ýörelgelerinden ugur alyp, halkara meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmeginiň tarapdary hökmünde çykyş etmegini dowam edýär.

Şol bir wagtyň özünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen tassyklanan hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ýurduň köptaraplaýyn özara hereketleri giňeltmek boýunça çemeleşmeleriniň esasy bolup çykyş edýär. Şu ýyl Türkmenistan özüniň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan bitarap daşary syýasaty netijeliligini, onuň dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Häzirki wagtda, dünýäniň birnäçe sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe, BMG-niň öňdebaryjylygy eýeleýän ornunda dünýä jemgyýetçiliginiň ylalaşykly hereketleri aýratyn ähmiýete we islege eýe bolýar. Bu şertlerde Bitaraplyk işjeň, ylalaşykly çözgütleri kabul etmegiň hem-de parahatçylygy döretmegiň wajyp we netijeli guraly bolmaga gönükdirilendir.

Syýasy-hukuk derejesi hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara hukuk esaslaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. BMG-ä agza ýurtlaryň ählisini Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň barşynda hödürlenilýän Kararnamanyň taslamasyny işjeň we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýarys.

Dawalaryň öňüni almak hem-de sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak babatda Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda guramanyň agza döwletleriniň goldawy bilen BMG-niň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini, şeýle hem halkara guramalary bu geljegi uly köptaraplaýyn meýdançanyň çäginde gepleşiklere goşulyşmaga çagyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi göz öňünde tutýarys.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplygyň mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistan Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde Halkara meseleleri kadalaşdyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işi dowam eder. Bu kadalar toplumy BMG-niň dolandyryş edaralarynyň, onuň parahatçylygy üpjün etmek we berkitmek boýunça bar bolan ýöriteleşdirilen düzümleriniň gurallarynyň üstüni ýetirer.

Öňüni alyş diplomatiýasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň iň wajyp wezipesi we aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasy institutlarynyň, BMG-niň oňyn hyzmatlary hödürlemek we araçyllygy amala aşyrmak boýunça gurallaryň ähmiýetini aýratyn nygtaýarys. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatdaky ştab-kwartirasy bilen alyp barýan işlerine ýokary derejede ýardam bermegini dowam eder.

Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, sebit merkeziniň mümkinçiliklerini yzygiderli ýagdaýda açmak boýunça öz Bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, öňde boljak mejlisiň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýar.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasynyň taslamasynyň toparlaýyn hödürlenilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Ýokarda agzalan resminamalara köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özüniň netijeliligini görkezen gurallaryny, hususan-da, Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň we Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň edara edilmegi boýunça tekliplerini girizmegiň wagty geldi diýip hasap edýäris. Agzalan resminamalaryň taslamalarynyň işjeň we gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylmagyna umyt edýäris.

Türkmenistan parahatçylyk medeniýetiniň hem-de halkara gatnaşyklara ynam bildirmegiň has doly we hemmetaraplaýyn kemala getirilmegini berk we durnukly howpsuzlyk ulgamyny gurmagyň esasy hökmünde hasaplaýar. Dünýä halklarynyň parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak däplerini emele getirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy tarapyndan goşmaça tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy kabul edildi. Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde bu Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirip başlamak bilen, Türkmenistan 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edýär.

Türkmenistan terrorçylygy, ekstremizmi, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygy, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyny, adam söwdasyny halkara howpsuzlygyň ýiti howplary we wehimleri hökmünde kabul edýär. Türkmenistan esasy utgaşdyryjy merkezi Birleşen Milletler Guramasy bolan terrorçylyga garşy halkara göreş ulgamynyň berkidilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Terrorçylyk wehimine garşy göreşde halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagynda esasy dolandyryş ornuny eýeleýän BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň işine ýokary baha berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasynyň we 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmeginiň dördünji tapgyryna girişilýän Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasyna esaslanyp, BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasynyň sebit derejede durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegi maksat edinýär.

Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýany durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa sebitinde toplanan tejribäni nazara almak bilen, bu strategiýany amala aşyrmaga sebit we sebitara çemeleşmeleri yzygiderli işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Sebitara syýasy dialogy guramagy teklip edýäris. BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bu başlangyjy öňe sürmekde esasy öňdebaryjy orny eýeleýär diýip hasaplaýarys.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky meseleleriň biri hökmünde ýaraglaryň ýaýradylmazlygyny we ýaragsyzlanmak düzgünini üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýar. Bu hereketde esasy orny Birleşen Milletler Guramasyna we esasy düzüm birlikleri Baş Assambleýanyň Birinji komitetiniň, BMG-niň Ýaragsyzlanmak boýunça komissiýasynyň we Ýaragsyzlanmak baradaky konferensiýasynyň utgaşykly işi bolan BMG-niň köptaraplaýyn ýaragsyzlanmak guralyna berýäris.

Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň, ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň we beýleki köptaraplaýyn esas goýujy halkara şertnamalaryň we BMG-niň konwensiýalarynyň gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistan sebitde we dünýäde ýaragsyzlanmak hereketlerine mümkin bolan ýardamy mundan beýläk hem bermegini dowam eder.

Tutuşlygyna alnanda, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlygyň bütindünýä gurluşynyň mundan beýläk-de gurulmagyna bagly bolan ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň çalt güýje girmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris. Sebit derejede Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamany mundan beýläk-de öňe sürmegini we onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş sekretarynyň ýaragsyzlanmak boýunça orunbasarynyň edarasy we beýleki degişli halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Türkmenistan ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnama gatnaşyjy taraplaryň 2021-nji ýylda geçiriljek Gözden geçiriş maslahatyna ýarag ýaýratmazlyk düzgünine we ýaraglanma gözegçilik ulgamynda durnuklylyk derejesini peseltmek boýunça häzirki zaman ýörelgeleriniň çygrynda oňa şertnamanyň çäklerindäki taraplaryň borçnamalaryny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar. Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk meseleleri boýunça halkara-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak babatda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegi derwaýys hasaplaýarys.

Ýaragsyzlanmak ulgamynda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmekde netijeli ädimleriň biri Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we giňeltmek bolup durýar. Şu jähetden, BMG-niň Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça Sebitýaka merkezini döretmek meselesine garamak barada Türkmenistanyň teklibini ýatladýarys.

Bütindünýä maglumat torlarynyň çalt depginlerde ösýän şertlerinde maglumat howpsuzlygyna täsir edýän wehimleriň derejesi ýokarlanýar we gerimi giňeýär. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ulgamda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakdaky esasy ornuny belleýäris we BMG-niň howandarlygynda maglumat giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça köpugurly hukuk gurallarynyň işläp taýýarlanylmagy we kabul edilmegini zerur hasaplaýarys. Halkara gatnaşyklaryň sanly ulgamynda güýç ulanmazlyk, döwletiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we goşulmazlyk ýaly ählumumy ykrar edilen ýörelgeleriň dahylly bolmalydygyna berk ynanýarys.

Howpsuzlyga howp salmak üçin dünýä maglumat torlaryny ulanmak bilen baglanyşykly bütindünýä wehimlerini, şeýle hem sebit we halkara durnuklylygy berkitmek üçin maglumat tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçiliklerini halkara derejede giňden ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistan bu ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleriniň tutuş toplumyna garamak üçin BMG-niň howandarlygynda köptaraplaýyn yzygiderli gepleşik hökmünde Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy boýunça bütindünýä forumyny guramak mümkinçiligine garamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Durnukly ösüş

Häzirki zaman wehimleri we howplary dünýä ykdysadyýetiniň, söwdanyň, halkara ulag we energiýa ulgamlarynyň işine düýpli täsirini ýetirýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde çylşyrymly wezipeleri öňde goýýar. Türkmenistan bütindünýä strategiýalaryň, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşe ýetmek ugrundaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek meseleleri boýunça häzirki zaman şertlerde yzygiderli gepleşikleri üpjün etmegiň zerurdygyny üýtgewsiz nygtaýar.

Şu jähetden, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan serişdeleri ýygjamlaşdyrmak we netijeli ulanmak maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça hereketleriň Addis-Abeba Maksatnamasynyň çözgütlerini ýerine ýetirmegiň tizleşdirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris.

Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäginde 2022-nji ýylda BMG-niň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garamagyň maksadalaýykdygyny belläp geçýäris.

Ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi juda ähmiýetli diýip hasaplaýarys. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin meýdançalary döretmek zerurdyr. Türkmenistan energetika, senagata, ulaga we söwda ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde seredýär.

Deňlige, bu herekete gatnaşýanlaryň ählisiniň bähbitleriniň ykrar edilmegine we hasaba alynmagyna, oýlanyşykly bahany emele getirmäge esaslanan adalatly we aç-açan ýörelgelerde dünýä bazarlaryna energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagynyň we dikeldilmeginiň häzirki zaman şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedigine ynanýarys. Bu maksada ýetmekde iň wajyp ugurlaryň biri bolup energiýa akymlarynyň diwersifikasiýasy çykyş edýär. Şunlukda, Türkmenistan dünýä bazarlaryna energiýa çeşmeleriniň iberilmeginiň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, onuň netijesinde, BMG-niň Baş Assambleýasy 2008-nji we 2013-nji ýyllarda biragyzdan degişli Kararnamalary kabul etdi.

75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan tarapyndan ozal agzalan başlangyçlary öňe sürmek boýunça, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýanyň üstaşyr geçirilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň döwrebap halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek mümkinçiligine garamaga gönükdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek arkaly tagallalary dowam etmegi maksat edinýäris.

Halkara ulag gatnawy ýaly möhüm ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen çemeleşmeleri talap edilýär. Türkmenistan durnukly we howpsuz ulaglar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek hereketleriniň täsirinde hereket edýän ýurt hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak Kararnamanyň taslamasyny taýýarlady we Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň garamagyna hödürledi. Ähli döwletleri we BMG-niň ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralaryny hödürlenen Kararnamanyň taslamasy boýunça gepleşiklere işjeň we netijeli gatnaşmaga çagyrýarys.

2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny ulag pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli we özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak üçin meýdança hökmünde kabul edýäris.

Türkmenistan netijeli köptaraplaýyn söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň bu işde öňdebaryjy orny eýelemelidigine ynanýarys. Üstümizdäki ýylda BSG-de synçy derejesini alan Türkmenistan dünýä ykdysadyýetinde we söwdasynda çökgünlik hadysalaryny ýeňip geçmek boýunça amaly çäreleri öňe sürmek üçin bu ugurda dörän mümkinçiliklerden işjeň peýdalanar.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň dowam etdirilmegine aýratyn üns berýär.

Koronawirus pandemiýasy dürli sebäplere görä köp ýyllaryň dowamynda oňaýsyz ekzogen şertleriň täsiri astynda ýaşaýan daşky gurşaw töwekgelçiligine sezewar bolan sebitlere aýratyn howp salýar diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň ekologik betbagtçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrýar.

Aralýaka we onuň çäginden uzakdaky sebitde ýaşaýan adamlaryň saglygyna, tebigatyna, howasyna ýaramaz täsirini ýetirýän, Aralyň guramagy bilen şertlenen, ekologik betbagtçylygyň zolagynda emele gelýän howa massalarynyň aýratyn howpa eýedigini belleýäris. Guran Aral deňziniň düýbünden aýratyn zyýanly maddalary göterýän tozan-duz tupanlary müňlerçe kilometre ýaýraýar we adam ömrüne howp salýar.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan «Rio + 20» durnukly ösüş sammitinde öňe sürlen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Baş Assambleýanyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryna esaslanyp, 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde konsepsiýanyň deslapky taslamasyny we geljekki Ýörite maksatnamanyň gurluşyny garamaga hödürlemegi niýet edinýäris. BMG-niň agza döwletlerini we halkara guramalary bu resminamanyň anyk ara alnyp maslahatlaşylmagyna çagyrýarys.

Aral betbagtçylygynyň howanyň hapalanmagyna we ahyrky netijede adam saglygyna ýetirýän ýaramaz netijeleriniň göni täsiriniň şertlerini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda howa akymlarynyň hapalanmak derejesiniň ýokanç, onkologiýa we ýürek-damar keselleriniň derejesi bilen korrelýasiýasyny öwrenmek boýunça halkara barlaglary guramak baradaky teklibi girizmegi niýet edinýär.

Hazar deňzinde bioköpdürlüligi we ekologik deňagramlylygy gorap saklamagy daşky gurşawy goramak ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hasaplaýarys. Häzirki wagtda Türkmenistan täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlady, onuň taslamasyna ýakyn geljekde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň tarapdarlarynyň nobatdaky duşuşygynda serediler. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki halkara daşky gurşawy goramak ugurly düzümleriň bilermenlerini bu resminamany ara alyp maslahatlaşmaga çekmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk

BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary ulgamyndaky esas goýujy konwensiýalaryna we beýleki köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara ygrarlylygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk hem netijeli çärelere taýýardygyny mälim etdi.

Şu jähetden, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde guramanyň halkara hukuk resminamalary esasynda kabul edilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça milli, sebitleýin we ählumumy strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyga tagallalary gönükdireris. Aýdylanlardan ugur alyp, Baş Assambleýanyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň sebitleýin edarasynyň wekiliniň mandatyny döretmegi meýilleşdirýäris.

Şeýle hem 75-nji mejlisde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny tassyklamagy meýilleşdirýäris, onda Adalatçynyň diwanynyň milli institutynyň ösdürilmegine we onuň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär.

Jemleýji düzgünler

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, öňe sürlen halkara başlangyçlar we teklipler ýurdumyzyň BMG-niň ähli agza döwletleri, guramalary, edaralary, agentlikleri we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk baradaky çemeleşmelerini kesgitleýär. Türkmenistan ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy goldaýar we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmegiň, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent ýörelgelerini ykrar etmegiň bähbidine bilelikdäki netijeli işe ähli hyzmatdaşlary çagyrýar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi