Penşenbe güni Lahoryň Söwda-senagat edarasy ýakyn wagtda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine başlamak boýunça karary goldady we ony ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin utulyşsyz ýagdaý diýip atlandyrdy.
Bu ýerde çap edilen beýannamada LSSE-nyň prezidenti Ijaz A.Mumtaz TOPH taslamasynyň uly sebitleýin ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Ol taslamanyň ýerine ýetirilip başlanmagynyň “energiýa mätäç” bolan Pakistana, onuň senagat pudagyna güýçli zarba uran nobatdaky çökgünligi ýeňip geçmäge ýardam eder diýip belläp geçdi.
Ijaz A.Mumtaz häzirki hökümet tarapyndan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylmagynyň oňyn görkeziji bolup durýandygyny belläp geçdi. Ol şeýle-de ýurduň Premýer-ministriniň golaýda Türkmenistana bolan saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we söwdany giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini hem nygtap geçdi.
Ol hökümete taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ýüze çykyp biljek islendik näsazlyklary aradan aýyrmaga çagyrdy, çünki bu taslama tutuş milli ykdysadyýet we hususan-da eksporta gönükdirilen pudaklar üçin aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Ol senagaty iş ýagdaýynda saklamak üçin energiýanyň ýeterlik mukdary elýeter bolan halatynda senagat önümçiliginiň gürrüňsiz ýokary depgine eýe boljakdygyny hem belläp geçdi.
Ol TOPH gaz geçiriji taslamasynyň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň ýurduň eksportyna kuwwatly itergi bermäge ukyply bolan eksporta gönükdirilen senagat önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtap geçdi. Ol iri göwrümli önümçilik pudagynyň özüniň eksport buýurmalaryny doly ýerine ýetirip biljekdigini we ýurt üçin zerur bolan daşary ýurt walýutasyny gazanjakdygyny belläp geçdi.
LSSE-nyň Prezidenti bu megataslamanyň eýýäm ýurtda elektroenergiýasynyň ýetmezçiligini ýüze çykarýan Pakistanda barha ýokarlanýan energetika çökgünligini aradan aýyrmaga ýardam etjekdigini hem nygtady. Ol TOPH taslamasynyň Pakistanyň ösüşinde iri göwrümli taslama bolup durýandygyny belledi. Garaşylyşy ýaly, TOPH ähli gatnaşyjy-ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir.
Ijaz A.Mumtaz TOPH taslamasynyň ýakyn wagtda tamamlanmagynyň daşary ýurt maýadarlar üçin ýakymly habar boljakdygyny hem belläp geçdi.
LSSE-nyň Prezidenti TOPH taslamasynyň Pakistana diňe bir häzirki wagtda dowam edýän energetika çökgünligini aradan aýyrmaga ýardam etmän, eýsem bu taslama esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bolup durýan Pakistanyň we Owganystanyň arasynda syýasy we ykdysady özara hereketlere ýardam etjekdigini hem belläp geçdi.
Ol TOPH taslamasynyň diňe Günorta Aziýadaky dartgynly ýagdaýy peseltmäge ýardam etmän, eýsem ilaty iş bilen üpjün etmeklige we ýurtda täze ykdysady mümkinçilikleri döredilmegine itergi berjekdigini belledi.