icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 awgust 2021

2596

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty)

 

Siziň Alyhezretleriňiz!

Hormatly döwlet Baştutanlary:

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti

Sadyr Nurgožoýewiç Žaparow,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

Emomali Şaripowiç Rahmon,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Sizi Türkmenistanda mähirli mübäreklemäge, sebiti ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen ozalky mejlisler syýasy gatnaşyklaryň bu görnüşiniň degerlidigini, peýdalydygyny we ýokary netijelidigini aýdyň görkezdi. Ol birek-biregi tanamaga hem-de oňat düşünişmäge mümkinçilik berýär, sebit hyzmatdaşlygynyň barşy hem-de ugry barada umumy düşünjäni kemala getirmäge ýardam edýär, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda we çeýe täsir etmäge mümkinçilik berýär, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, ileri tutulýan milli ugurlary gurmaga ýardam edýär.

Biz şu günki duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagy ugur edinip, bu babatda has işjeň, salgyly ädimler üçin şertleri üpjün etjekdigine, Merkezi Aziýa sebitiniň kontinental we global işlere netijeli gatnaşmagynyň kuwwatly şertine öwrüljekdigine umyt edýäris.

Biziň halklarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda öz döwletliligini gorap saklamagy we berkitmegi, olary ösdürmegiň başlangyç tapgyrlarynda kynçylyklary ýeňip geçmegi başardylar.

Bu gün Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerini gazanyp, binýatlyk durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirýärler. Biziň ýurtlarymyzyň jogapkärli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty olara halkara giňişliginde abraý getirdi.

Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-biregi hormatlamagyň, doganlygyň taryhy köklerine hem-de halklarymyzyň medeni — siwilizasiýa ýakynlygyna daýanýarys. Bu mäkäm binýat bize geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly döwlet Baştutanlary we wekiliýetleriň agzalary!

Şu gün biz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Munuň özi şeýle görnüşdäki duşuşygyň örän wajypdygyny, bäş döwletiň ählisiniň Baştutanlarynyň goldawyndan peýdalanýandygyny görkezip, bize Merkezi Aziýa sebitini ösdürmek baradaky esasy meseleleri ynanyşmaga we işewür ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny geçirmek pikirini ara alyp maslahatlaşyp, biz ýokary döwlet derejedäki syýasy gepleşikleriň bu görnüşiniň Merkezi Aziýada döredijilikli işleri kemala getirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrüljekdiginden ugur aldyk. Gürrüň biziň sebitimiziň durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek barada barýar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygyny we yzygiderli ösüşini, bu ýerde ýaşaýan halklaryň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň bäştaraplaýyn gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki ulgamlaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň martynda Nur-Sultan şäherinde we 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen konsultatiw duşuşyklaryň netijeleriniň biziň döwletlerimiziň sazlaşykly we netijeli işleriniň oňyn mysaly bolandygyny bellemek isleýärin. Bu forumlaryň netijeleri häzir Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde, biziň halklarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde öz beýanyny tapýar.

Ýurtlarymyzyň Hökümetlerine ýokarda agzalan duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna çuňňur seljerme geçirmegi, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna orta möhletli döwre niýetlenen, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip edýärin. Bu resminamanyň taslamasy boýunça deslapky işler eýýäm başlandy. Bize mümkin bolan iň gysga wagtda ony jemlemek hem-de biziň bilelikdäki işlerimiziň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniljek “Ýol kartasyny” kabul etmek zerurdyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölegi energetika bolup durýar. Biziň ählimiz düýpli maksadymyzda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hem-de geljegi babatda garaýyşlarda bir pikirdediris. Türkmenistanyň bu başlangyç bilen çykyş etmeginde, ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdeleriniň iberilişiniň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny sebitiň ýurtlarynyň birnäçe gezek we biragyzdan goldamagy munuň subutnamasy boldy.

BMG-niň resminamalaryna esaslanyp, biz Merkezi Aziýada sebitiň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen birlikde, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin oňaýly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ugrundaky ýol bilen barýarys.

Biziň sebitimiziň ägirt uly tebigy-çig mal serişdeleriniň bardygyny hem-de onuň geografiýa taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, häzirki wagtda bizde ýokarda agzalan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmek üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny pugta ynam bilen aýdyp bolar.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy hem-de bu hyzmatdaşlygyň sebitiň içinde bolşy ýaly, onuň daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtmak isleýärin.

Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleriniň üstünden hem çekilip bilner.

Şeýle mysallary elektroenergetika ulgamyndan hem getirip bolar. Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge oňat itergi berip biljekdigine, Merkezi Aziýada köptaraply energetika giňişligini kemala getirmäge ýagdaýlary döredip biljekdigine ynanýaryn. Hyzmatdaşlygyň bu ugruna ulgamlaýyn we anyk häsiýetli çemeleşmegi teklip edýärin.

Ulag ulgamy Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri bilelikde döretmelidigimize pugta ynanýaryn. Bu wezipe strategik maksadyň gazanylmagy — «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ozal bar bolan ulag-üstaşyr geçelgeleriň netijeli işledilmegi hem-de täzeleriniň döredilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şol ugurlarda Merkezi Aziýa möhüm baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ulag pudagynda bilelikde işlemegiň toplanan tejribesini ulanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşykly ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmegi teklip edýäris. Şunda bize hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, ilkinji nobatda, sebitüsti desgalary — awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri we ulag düzüminiň beýleki zerurlyklaryny gurmak arkaly ugurlary kesgitlemek gerek.

Türkmenistanyň Hazar deňzinde öz port kuwwatlyklaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerine peýdalanmak üçin hödürlemäge taýýardygyny tassyklaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa — Hazar — Garadeňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmegi teklip edýäris.

Häzir möhüm wezipe biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmekden, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdan, ony giňeltmekden we hil taýdan täzelemekden ybaratdyr. Şunda özara salgytlar we paçlar, ýeke-täk üstaşyr tölegleri kesgitlemek, gümrük we migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek babatda kadalary hem-de düzgünleri sazlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyp bolar. Şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk seljermeler hem-de iş ýüzünde amala aşyryp boljak teklipler zerurdyr. Bize bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edarasy gerek diýip pikir edýärin.

Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip edýärin. Onuň işine biziň sebitimizde iş tejribesi hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem çekmek bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry daşarky gatnaşyklara, ilkinji nobatda, biziň goňşy ýurtlarymyza çykylmagydyr. Biz olara energetikada, ulag ulgamynda, söwdada bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip edip bileris. Biziň pikirimizçe, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Eýran, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Orta Gündogaryň we Günorta Aziýanyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de düzümleýin taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaýyn ýollaryny döretmegiň üstünde oýlanyşmak gerek.

Hormatly kärdeşler!

Biziň soňky duşuşygymyzdan bäri geçen döwür sebit howpsuzlygy babatda ýeňil bolmady. Goňşy Owganystandaky ýagdaýlar durnukly däl, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetlerinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen birnäçe beýleki sebitlerde dawaly ýagdaýlar bar. Şeýle şertlerde bizden aýratyn jogapkärçilik hem-de oýlanyşyklylyk talap edilýär. Biz doganlyk döwletler we halklar hökmünde biziň umumy öýümiz bolan Merkezi Aziýanyň berk we durnukly bolmagy üçin parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara düşünişilmegini ähli güýçlerimiz bilen pugtalandyrmalydyrys.

Biziň halklarymyz ähli döwürlerde özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň nusgasyny görkezip geldiler. Munuň özi şu gezek hem — dünýä ählumumy howp bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtynda hem şeýle bolýar.

Ine, eýýäm bir ýarym ýylyň dowamynda biziň ýurtlarymyz tagallalaryny birleşdirip, pandemiýanyň ýaýramagyna garşy göreşmekde bilelikde işjeň hereket edýärler. Derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, degişli gorag serişdelerini we beýleki kömekleri ibermek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa döwletleri pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmak maksady bilen, gysga döwürde söwda gatnaşyklaryny gerekli derejede goldamaga, ýükleri ugratmak, başlanan ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Emma pandemiýa garşy göreşmek COVID-19 sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmagyň derejesi gönüden-göni bagly bolan meseleleri çözmäge ulgamlaýyn we ýokary hünär ussatlygy derejesinde çemeleşmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ylym diplomatiýasynyň ugry boýunça ýurtlarymyzyň lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de koronawiruslaryň gelip çykyşlarynyň tebigatyny, şolar sebäpli döreýän keselleriň ýüze çykyşynyň görnüşlerini giňişleýin öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýärin.

Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Biz Merkezi Aziýadaky ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň hataryna goşýarys. Ilkinji nobatda, gürrüň Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna we çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak we suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak barada barýar. Bu ugurlarda biziň oňat işläp taýýarlamalarymyz bar, sebit we halkara derejelerinde möhüm çözgütler kabul edildi.

Mundan beýläk-de öňe hereket etmegi dowam etmek, BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümlerini, edaralaryny, maliýe institutlaryny has işjeň çekmek gerek. Sebitiň ekologiýa gün tertibinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýer ýüzüniň beýleki ýurtlary hem-de sebitleri bilen özara hereketleriniň görnüşleri özüni oňat görkezdi. Beýan edilen ugurlar boýunça biziň ýurtlarymyz bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek gerek.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Men biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň we hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer we adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip çözüp bilmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýaryn.

Biziň öňümizde çynlakaý we giň gerimli wezipeler durýar. Olaryň ählisine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hötde gelip biljekdigine ynanýaryn. Şu günki duşuşygymyz hem-de biziň gatnaşyklarymyzyň soňky ýyllarynyň ählisiniň yzygiderliligi şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Şu gün gyzyklanma bildirilen, netijeli we giňişleýin pikir alyşmalar boldy, köp sanly örän peýdaly hem-de mazmunly teklipler aýdyldy. Olaryň ählisi biziň mundan beýläkki hereketlerimiziň peýdasyna bolup, geljekde anyk işler üçin many-mazmunly, bitewi meýdançany kemala getirer.

Mejlisimiziň dowamynda bäş doganlyk döwletleriň we halklaryň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny yzygiderli we gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň, biziň jebisligimizi, hoşniýetli goňşuçylygymyzy, taryhy ykballarymyzyň ýakynlygyny we bölünmezligini gorap saklamagyň zerurdygy baradaky pikir eriş-argaç bolup geçdi. Häzirki döwürde şeýle düşünjeler aýratyn gymmatlyga eýedir. Olara eýerilmegi bilelikde uly üstünlikleri we ýeňişleri gazanmaga, kynçylyklary ýeňip geçmäge, birek-biregi goldamaga, dünýä giňişlikler ulgamynda öz ornuňa oňat düşünmäge hem-de ony dogry kesgitlemäge kömek edýär.

Bu duşuşyk biziň döwletlerimiziň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň el-ele berip, birek-birek bilen habarlaşyp, aýdyň netijeleri gazanmak arkaly öňe gitmäge syýasy erkini, ymtylyşyny we aýgytlylygyny ynamly tassyklady. Munuň gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek halklarynyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigi, olaryň öňde goýlan maksatlara ýetmäge ynamyny berkidýändigi şübhesizdir.

Pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirmek hem-de oňa jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek isleýärin.

Men döwletleriň Baştutanlaryna hem-de wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi