icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 oktýabr 2022

6522

Türkmenistan — Hytaý: bilelikde ilerlemegiň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen

«Ženmin Žibao» gazetiniň teklibine höwes bilen seslenip, bu hormatly we abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada käbir pikirlerimi paýlaşmak isleýärin.

Biz şu ýyl möhüm ähmiýetli ýubileýi — Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledik. Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy üçin däl, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri bolup hyzmat etdi. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyklarymyzyň taryhyna şu günki ýagdaýdan baha bermek bilen, türkmenleriň we hytaýlylaryň ykbalynda ol uly orna eýe bolandyr diýip hasap edýärin.

Häzirki şertlerde şol pugta esasdaky bu özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we dowam etdirijileri bolan biz hyzmatdaşlygymyzy ösdürýäris, çuňlaşdyrýarys, dowamatlylygyny üpjün edýäris. Bu gün Türkmenistan bilen Hytaý birek-birege ynanyşmagyň we düşünişmegiň gazanylan derejesine buýsanyp bilerler. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara, söz ulaltmazdan, nusga alarlyk diýmek isleýärin. Dürli ugurlarda oňyn hyzmatdaşlygyň usullary ýola goýuldy, pugta hukuk binýady döredildi. Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar amala aşyrylýar, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylmy işgärleriň arasynda, partiýa hem-de parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar giňelýär. Iki döwletiňdir halkyň arasynda özara ýakynlaşma, geljek onýyllyklary öz içine alýan dostluga we hyzmatdaşlyga berk esas döredýän hakyky döredijilik ösüşi dowam edýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki many-mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi, ählumumy ösüşiň meýilleri babatda doly düşünişmekden ybaratdyr. Ýer ýüzünde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy, milli, dini ekstremizme, terrorçylykly howplara garşy durmak meselelerine çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi munuň iň möhüm şerti bolup durýar. Biz Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Dünýä jemgyýetçiliginiň ählumumy howplara netijeli jogap bermek üçin görýän çärelerini goldaýarys. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, biz hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejesine çykdyk. Bu resminama häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny emele getirýär, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häsiýetini, ugruny we mazmunyny kesgitleýär. Şu ýerde men Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistana halkara giňişlikde, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin.

Türkmenistan, öz gezeginde, hytaýly hyzmatdaşlarymyza, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewüligine we jebisligine degişli möhüm meselelere öz çemeleşmelerini hemişe aç-açan, gönümel kesgitleýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris hem-de arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris. Şeýle-de köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň Howpsuzlyk geňeşini özgertmek, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, energiýa we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin täsirli çäreleri görmek ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlarymyzyň umumydygyny beýan etmegi zerur hasaplaýaryn.

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý dialogynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem köptaraplaýyn bähbitleriň deňeçerligi, ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin syýasy-diplomatik usullara ygrarlylyk esasynda sebitde pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara gatnaşyklar üçin sebit usullarynyň döredilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň sebitleýin işlerde hem syýasy, hem ykdysady taýdan netijeli ornuny, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine çemeleşmelerinde oýlanyşyklylygyny we deňagramlylygyny bellemek isleýärin.

Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir. Olar birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, köp sanly durmuş meselelerini çözmegi, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder.

Men geoykdysadyýetiň yklymymyzdaky täze keşbiniň binýadynyň hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy bolmalydygyna ynanýaryn. Munuň özi obýektiw ýagdaýdyr we onda islendik netijeli pikirler, strategiýalardyr başlangyçlar gyzyklanmalaryň hem-de uzak möhletleýin maksatlaryň utgaşmasy esasynda biri-biriniň üstüni doldurmalydyr. Şu nukdaýnazardan, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» atly ählumumy başlangyjy bilen baglydyr diýip hasaplaýaryn.

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, bu ugurda döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurulmagy we ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Şeýle-de munuň özi energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem gyzyklanmalarynyň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Iki tarap hem ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, biz Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde iň möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys. Hut ulag ulgamy biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli giň üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerine barýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Hytaý üçin hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň dörejekdigine ynanýaryn.

Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa pudaklarynda, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamynyň durkuny täzelemekde iri milli taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda has möhümdir. Biz tagallalarymyzy hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza gönükdirmelidiris. Has anygy, Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollar, howa gatnawlary we beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly gatnaw mümkinçiligini doly ulanmagy öňümizde maksat edip goýmalydyrys. Bu ulgamlar merkezi geçelgelerde logistik terminallary hem öz içine almalydyr. Şolaryň biri hem Hazardaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolup biler.

Şunuň bilen bagly ähli meseleler Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli ara alnyp maslahatlaşylýar. Onuň 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde bäş sany resminama, şol sanda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpiniň başlangyjy bilen kabul edilen bu Maksatnamany mundan beýläk-de öňe ilerlemek üçin pugta esas hasaplaýarys. Türkmenistanda Hytaýyň ösüşini ünsli synlaýarys, onuň üstünliklerine begenýäris. Bu üstünlikler, hakykatdan-da, ajaýypdyr.

Taryhy taýdan gysga wagtyň içinde Hytaý senagat önümçiliginiň durnukly ýokary ösüşini, giň gerimli durmuş maksatnamalaryny amala aşyryp, dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrüldi. Hytaý ajaýyp netijäni gazanmagy — garyplygy ýeňip geçmegi başardy we häzirki wagtda ählumumy abadan döwleti döretmek ugrunda ynamly hereket edýär. Şeýle ägirt uly üstünlikleriň hytaý halkynyň goldawy hem-de düşünmegi esasynda Hytaý Kommunistik partiýasynyň syýasy erki, tutanýerliligi, işläp taýýarlan üýtgewsiz strategik ugry arkaly mümkin bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ýurda milli galkynyş, gülläp ösüş ýoluna düşmäge, durnuklylyk hem-de öz güýjüňe ynanmak ýagdaýynda yzygiderli gitmäge mümkinçilik berdi. Kommunistik partiýanyň içeri we daşary syýasaty Hytaýa dünýäde uly abraý, hormat getirdi. Ýurduň dünýä döwletleriniň köpüsiniň, şol sanda Türkmenistanyň hem goldawyna eýe bolmagy tötänden däldir.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwlet dolandyryşyndaky ornuna baha bermek aňsat däl. Elbetde, ol häzirki döwrüň iň görnükli, giň gözýetimli döwlet işgäri we syýasatçysy bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir döwür Si Szinpiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu döwür häzirki Hytaýyň syýasy, ykdysady hem-de tehnologik kuwwatyny görkezýär. Ol yzygiderlilige, berklige esaslanyp, halkara giňişlikde ýurduň milli bähbitlerini goraýar. Beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi babatda tapawutlanýar. Pursatdan peýdalanyp, men Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklar baradaky hemişelik aladasy we ünsi üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.

Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasynda Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşiginiň bolmagy hem kanuny ýagdaýdyr. Bu örän giň we çuňňur kesgitlemedir. Munuň özi döwletlerimiziň öz strategik ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde umumylygyny görkezýär. Ol deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, bütin adamzadyň ykbaly üçin her bir ýurduň jogapkärçiligine esaslanýan düşnükli we üýtgewsiz ýörelgeleri ykrar etmek esasynda adalatly dünýä gurluşyny döretmekde çemeleşmeleridir maksatlary beýan edýär. Ugurlary bölmezden, emeli siwilizasion kemçiliklerden, milli ýa-da toparlaýyn bähbitleriň dar düşünjesinden azat dünýä gurluşyny ýola goýmak zerurdyr. «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasy şu manyda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikleri açýar. Halkara giňişlikde durnukly ösüşiň Gün tertibi boýunça bilelikdäki netijeli iş üçin esasy şertleri döredýär, täze howplary, wehimleri üstünlikli ýeňip geçmäge ýardam edýär.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bolsa «Ählumumy ösüş başlangyjyny» hem-de «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny» öňe sürdi. Bu başlangyçlar öz manysy boýunça umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň hakykatyna oýlanyşykly hem-de jogapkärli düşünmäge, harby-syýasy bäsdeşligiň mundan beýläk-de güýçlenmeginiň nämelere getirip biljekdigi barada pikirlenmäge, garaşylmadyk netijeler esasynda ählumumy howpsuzlygyň ähli gurluşynyň ýykylmagy bilen, adamzadyň howply çäge ýakynlaşandygyna düşünmäge çagyryş bar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ozaly bilen, syýasatdan uzakdaky, özlerine parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepili zerur bolan millionlarça ýönekeý adamlar baradaky alada ýugrulandyr. Meniň pikirimçe, biziň başlangyçlarymyzyň möhümdigi äşgärdir. Hytaý bilen bilelikde Türkmenistan hem häzirki wagtda bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynda kesgitleýji ýagdaýlara öwrülmegi ugrunda çykyş edýär. Agzalan howply çäkden daşlaşmak üçin şertleri döretmek, gapma-garşylyklary we çaprazlyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýär. Elbetde, bu işler deňhukuklylyk, taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.

Men Hytaý Kommunistik partiýasynyň 2022-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek gurultaýynyň Hytaý Halk Respublikasyny ähli ugurlarda mundan beýläk-de depginli ösdürmek barada möhüm kararlaryň kabul ediljek wakasy boljakdygyna ynanýaryn. Onuň hytaý halkynyň ýolbaşçy güýji hökmünde Hytaý Kommunistik partiýasynyň ornuny mundan beýläk-de berkitjekdigine, Hytaýyň ykdysadyýetini we ýaşaýyş-durmuş ugurlaryny has-da ösdürmäge, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen partiýanyň alyp barýan strategik ugrunyň mirasdüşerligini we dowam etdirilmegini üpjün etjekdigine şübhelenmeýärin. Şeýle-de ol ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda ykrar edilen liderleriň biri hökmünde ýurduň halkara ornuny pugtalandyrar. Dünýäde parahatçylyk söýüji güýçleriň ählisiniň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolar. Döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini pugtalandyrar diýip hasap edýärin.

Men Hytaý Kommunistik partiýasyna, onuň ýolbaşçylaryna gurultaýy geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärin. Bu gurultaýyň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň ösüşine däl, eýsem, bütin dünýädäki ýagdaýlara-da ägirt uly oňyn täsirini ýetirjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen dost-doganlyga hem-de hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydyr. Iki döwlet, iki halk mundan beýläk-de ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýolundan bilelikde ynamly öňe gider.

 

G.M.Berdimuhamedow,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi