icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

05 oktýabr 2022

9323

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

— Salam, hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Ilki bilen, söhbetdeş bolmaga wagt tapandygyňyz üçin Size hoşallygymyzy bildirýäris. Ýakynda Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Pursatdan peýdalanyp, Sizi bu baýramçylyk mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Indi bolsa Size birnäçe sowal bilen ýüz tutmaga rugsat ediň! Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. 30 ýylyň dowamynda syýasy hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär, ýokary derejedäki özara saparlar ýygy-ýygydan guralýar. 2013-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2021-nji ýylyň noýabrynda iki tarap hem «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekdi. Siz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine nähili baha berýärsiňiz?

— Ilki bilen, bu söhbetdeşligi guramak baradaky başlangyjy üçin Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin. Hytaýyň özünde-de, onuň çäklerinden has uzakda-da millionlarça muşdaklary bolan şeýle abraýly we meşhur neşirler bilen aragatnaşyk, gürrüňsiz, iki ýurda has oňat düşünişmäge ýardam eder. Türkmenistanyň we Hytaýyň özara hyzmatdaşlygynyň esasy mazmunyna we häsiýetine, onuň ileri tutulýan ugurlaryna, mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge şert döreder.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna baha berşim barada aýdanymda, olara nusga alarlyk diýerdim. Bu ýerde hiç hili söz ulaltma ýok. Biziň döwletlerimiz özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýetilen derejesine guwanyp bilerler. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy, düýpli hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar has-da giňeldilýär. Iki döwletiňdir halkyň ýakynlaşmagy, onýyllyklary nazarlaýan dostlugyň, hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitmek babatda hakyky, döredijilikli işler alnyp barylýar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri we mümkinçilikleri babatda hem, ählumumy ösüşiň ugurlary babatda hem garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen kesgitlenendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, syýasy, milli, dini ekstremizme, terrorçylykly wehimlere garşy göreşmegiň meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň örän möhüm şerti bolup durýar. Hytaý bilen bilelikde biz halkara işlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýäris. Ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň görýän çärelerini goldaýarys.

Biz 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejesine çykdyk. Bu resminama Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň esasy binýadyny emele getirýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häsiýetini, ugruny we mazmunyny kesgitleýär. Şu ýerde men Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde Türkmenistana, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin.

Öz nobatynda, Türkmenistan hem biziň hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin derwaýys meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewüligine we bölünmezligine degişli meselelere öz garaýyşlaryny hemişe anyk, aýdyň beýan edýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris, arabozarlygyň dürli ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris. Şeýle-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň Howpsuzlyk geňeşini özgertmek, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, energetika we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri görmek ýaly möhüm meseleler boýunça biziň garaýyşlarymyzyň umumydygyny tassyklamak zerur diýip hasap edýärin.

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna eýermäge esaslanan pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara hyzmatdaşlyk etmegiň sebit usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant goşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki ýagdaýlarda — syýasy we ykdysady işlerde Hytaýyň netijeli ornuny, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmelerini aýratyn bellemek isleýärin.

— Soňky 30 ýylyň dowamynda işewür hyzmatdaşlyk ulgamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki döwürde Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen düýpli utgaşdyrmak işjeň alnyp barylýar. Siz energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

— Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhy bar. Onuň bütin dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň özara baýlaşmagy babatda örän oňaýly şertler döredi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygynyň köprüsi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolupdyr. Biz bu örän özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we ony dowam etdirijiler bolmak bilen, häzirki şertlerde öz gatnaşyklarymyzy ýola goýýarys, hyzmatdaşlygy ösdürýäris, gatnaşyklarymyzyň dowamatlylygyny üpjün edýäris.

Häzirki zaman şertlerinde hakyky özara gyzyklanmalaryň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bellenip geçilen strategiýalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge niýetlenendir. Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat zolaklaryny emele getirmäge, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýşynyň hilini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini döretmegiň esasy ugruna öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu hakyky ýagdaýdyr we onda bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň utgaşmagy esasynda islendik netijeli pikirler, strategiýalar, başlangyçlar biri-biriniň üstüni ýetirmäge niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» ählumumy başlangyjy bilen baglydyr diýip hasap edýärin.

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Bu gaz geçiriji energiýa taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir.

Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biz bu ugurda Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys. Häzirki döwürde hut ulag ulgamynyň biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nazara alnanda, Hytaý köp derejede örän möhüm hyzmatdaşymyz bolup durýar. Türkmenistan häzir öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli köpugurly üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Ol Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar.

Bu ugurda Türkmenistan we Hytaý üçin hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Munuň özi Türkmenistanda ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir. Biziň tagallalarymyz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmäge gönükdirilmelidir. Hususan-da, ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollar, howa gatnawlary, beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara gatnawlaryň mümkinçiliklerini doly açmaga niýetlenmelidir. Şeýle-de bu ulgamlar esasy merkezlerde logistik terminallary öz içine almalydyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzinde şeýle merkezleriň birine öwrülip biler.

Bu meseleleriň ählisi Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli ara alnyp maslahatlaşylýar. Komitetiň 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen mejlisinde bäş sany resminama, şol sanda siziň belläp geçen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamaňyza hem bäş ýyl möhlete gol çekildi. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpiniň başlangyjy boýunça kabul edilen bu Maksatnama mundan beýläk-de öňe gitmek üçin pugta esas hökmünde garaýarys.

Şoňa görä-de, men geljege ynam bilen garaýaryn, biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýärin. Onuň mümkinçilikleri ägirt uludyr. Hyzmatdaşlygyň saýlanyp alnan nusgasy bolsa bilelikdäki meýilnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin şertleri doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

— Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary biri-birine gabat gelýär. Siz Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalaryna we döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz?

— Bu üstünlikler örän özboluşlydyr we olarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň aýgytlaýjy hyzmaty gürrüňsizdir. Taryhy taýdan örän gysga möhletde Hytaý dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrüldi. Senagat önümçiliginiň durnukly ösüşini, giň gerimli durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Hytaýa ägirt uly netijeleri gazanmak — garyplygy ýeňip geçmek başartdy. Häzirki döwürde hem siziň ýurduňyz ählumumy abadan döwleti döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şeýle ägirt uly üstünlikleriň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň syýasy erk-isleginiň, aýgytly hereketleriniň, onuň işläp taýýarlan oýlanyşykly strategik ugrunyň, hytaý halky tarapyndan goldawyň we düşünmegiň netijesinde mümkin bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ýurda durnuklylyk, öz güýjüňe ynanmak ýagdaýynda milli galkynyş, gülläp ösüş ýoluna düşmäge, şol ýol bilen yzygiderli, gyşarnyksyz öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýäde siziň ýurduňyza ägirt uly at-abraý, hormat getirmegi ýöne ýere däldir. Bu syýasaty Ýer ýüzüniň döwletleriniň köpüsi, şol sanda Türkmenistan hem goldaýar.

— Siz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz? Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşigi goşuldy. Bu konsepsiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine nähili täsirini ýetirdi?

— Siziň sowalyňyzyň birinji bölegi barada aýdylanda, men oňa şeýle jogap berýärin: Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki döwrüň iň görnükli, giň gözýetimli döwlet işgärleriniň we syýasatçylarynyň biri bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir döwür onuň ady bilen baglanyşyklydyr.

Bu eýýam häzirki wagtda Hytaýyň syýasy, ykdysady we tehnologik kuwwatyny, ýurduň halkara giňişlikde milli bähbitlerini goramakda tutanýerliligini we berkligini, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligini, öňdengörüjiligini alamatlandyrýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, men Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda hemişe alada edýändigi we üns berýändigi üçin uly hormat bilen minnetdarlyk bildirýärin.

Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasyna Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşiginiň goşulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu örän giň möçberli we çuňňur kesgitlemedir. Ol biziň döwletlerimiziň öz ösüşiniň strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryny, her bir ýurduň bütin adamzadyň ykbaly üçin jogapkärçiligine esaslanan deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, düşnükli we üýtgewsiz kadalary tassyklamaga daýanýan adalatly dünýä gurluşyny gurmakda çemeleşmeleriniň, maksatlarynyň umumylygyny görkezýär. Ugurlary bölmezden, emeli siwilizasion kemçiliklerden, milli ýa-da toparlaýyn bähbitleriň dar düşünjesinden azat dünýä tertibini gurmagyň zerurdygyny beýan edýär.

«Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasy şu manyda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Durnukly ösüşiň, täze howplary we wehimleri üstünlikli ýeňip geçmegiň gün tertibi boýunça halkara giňişlikde bilelikde netijeli işlemek üçin binýatlyk şertleri döredýär.

— Häzir dünýäde ýagdaý dartgynly we çylşyrymly bolmagynda galýar. Siz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly möhüm başlangyjy öňe sürdüňiz. Başlyk Si Szinpin «Ählumumy ösüş başlangyjyny» we «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny» öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň dünýä hem-de sebit üçin wajyplygy barada gürrüň beräýseňiz!

— Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň ýagdaýlaryny anyk we jogapkärli seljermäge, mundan beýläk-de çaknyşyklaryň dowam etdirilmeginiň, harby-syýasy bäsdeşligiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen ählumumy howpsuzlygyň tutuş gurluşynyň ýykyljakdygyna anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilendir.

Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, syýasatdan uzakdaky ýönekeý adamlaryň millionlarçasy barada aladanyň netijesinde öňe sürlendir. Bu adamlara parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepillikleri zerur bolup durýar. Biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň derwaýyslygy, meniň pikirimçe, eýýäm aýdyňdyr.

Şoňa görä-de, Türkmenistan häzirki wagtda Hytaý bilen bilelikde bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynyň kesgitleýji şertlerine öwrülmegi, bellenip geçilen howply çäkden yza çekilmek üçin şertleri döretmek, dawalary, gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly düzgünleşdirmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar, elbetde, deňhukuklylyk kadalary hem-de taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak esasynda amala aşyrylmalydyr.

— Ýakyn günlerde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýy geçiriler. Siz bu partiýanyň geljekki ösüşi babatda garaşýan netijeleriňiz baradaky pikiriňizi beýan edip bilmezmisiňiz?!

— Men Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň öňde duran gurultaýynyň möhüm waka öwrüljekdigine ynanýaryn. Bu gurultaýda Hytaý Halk Respublikasyny ähli ugurlarda mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça örän möhüm çözgütler kabul ediler. Gurultaýyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hytaý halkynyň ýolbaşçy güýji hökmünde ornuny has-da berkitjekdigine ynanýaryn.

Ol partiýanyň Hytaýyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen strategik ugrunyň yzygiderliligini hem-de dowam etdirilmegini üpjün eder. Adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek işinde ykrar edilen liderleriň biri hökmünde Ýer ýüzünde ähli parahatçylyk söýüji güýçleriň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini öňe sürýän ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny berkitmäge itergi berer.

Men Hytaýyň Kommunistik partiýasyna, onuň ýolbaşçylaryna öňde duran gurultaýy geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärin. Onuň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, bütin dünýädäki ýagdaýa hem ägirt uly oňaýly täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn.

— Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, wagt tapyp biziň sowallarymyza jogap berendigiňiz üçin Size sagbolsun aýdýarys!

— Menem öz gezegimde şu günki guran duşuşygyňyza minnetdarlyk bildirýärin. Sag boluň!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi