icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

17 awgust 2022

3962

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleri hem-de ýokary wezipeli wekilleri 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň, üstaşyr, ösüş boýunça hyzmatdaş ösüp barýan döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň, halkara, sebit hem-de sebitara guramalarynyň, sebit ösüş banklarynyň, seljermeler merkezleriniň, hususy bölümiň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Awazada (Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri) ýüzbe-ýüz (hem-de wirtual görnüşde) duşuşdylar.

“Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” ady bilen geçirilýän ministrler derejesindäki maslahaty Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti bilen hyzmatdaşlykda gurady.

Aýratyn ugurlar boýunça mejlisleriň barşynda geçirilen pikir alyşmalara esaslanyp, maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ulag gatnawlaryny gowulandyrmak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2024-nji ýylda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek boýunça aşakda görkezilen çäreleri geçirmäge çagyrýar:

COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly dikeldiş üçin giňeldilen ulag arabaglanyşygynyň möhüm orny

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň halkara we sebit bazarlaryna çykmagynda üstaşyr gatnawlaryň möhüm orny bellenildi. Ulaglaryň ähli görnüşlerine (awtomobil, demir ýol, howa we suw) garaldy.

Ulag arabaglanyşygyna Hereketleriň Wena maksatnamasynyň hem-de Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda ileri tutulýan ugurlara ýetmegiň, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly dikeldilmegi üçin örän möhüm serişde hökmünde garaldy.

Ministrler diňe bir ozalkydan gowy dikeltmegiň mümkinçiligini däl-de, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleri azaltmak üçin durnukly hem-de ygtybarly düzümleriň ösüşini üpjün etmek mümkinçiligini hem goldadylar.

Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ulag aragatnaşygynyň anyk wezipelerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan tejribeler we meseleler, şeýle hem COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren täsiri

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag düzümini hem-de gatnawlaryny ösdürmegiň görkezijileri boýunça belli derejede ösüş gazanandyklaryna garamazdan, ol ösüşler deňeçer däldir hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletler Durnukly ösüş maksatlaryna hem-de Hereketleriň Wena maksatnamasynyň degişli ileri tutulýan ugurlaryna doly derejede ýetmegi başarmadylar.

COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren oňaýsyz täsirleri täze serhet we üstaşyr kadalarynyň girizilmegine getirdi, şol kadalar serhetden geçilmegini çäklendirdi ýa-da serhetleriň ýapylmagyna, harytlary ibermegiň ählumumy ulgamynyň bozulmagyna, gündelik zerur harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň bellenilen ýerine ýetirilmeginiň bökdelmegine, ulag pudagynda iş orunlarynyň ýitirilmegine getirdi. Şeýle oňaýsyz täsirler deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bu ulgamdaky gowşak taraplaryny açyp görkezdi.

COVID-19 pandemiýasy deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde ulag düzüminiň ösüş depginlerini hem-de tehniki hyzmatyň ösüşini has-da haýallaşdyrdy, sebäbi degişli serişdeler pandemiýa zerarly saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynda ýüze çykan has gaýragoýulmasyz zerurlyklaryň kanagatlandyrylmagyna gönükdirildi.

Ulaglaryň kadaly işleýşiniň bütindünýä boýunça gaýtadan dikeldilýändigine garamazdan, şeýle dikeldiş deň derejede amala aşyrylmaýar, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bolsa bu ugurda yzda galýarlar. Halkara bileleşigi tizden-tiz ýagdaýda maýa goýumlaryny, tehnologiýalary, şeýle hem tehniki kömegi bu ugra gönükdirmelidirler hem-de durnukly ulag üçin mümkinçilikleri pugtalandyrmalydyrlar. Pandemiýadan soňky döwürde dikeltmek üçin serişdeler durnukly ulag düzüminiň ösdürilmegine ýardam etmelidir.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler öz durnukly ulag ulgamlaryny giňeltmek, durnukly düzümleri döretmek hem-de halkara bazarlary, söwdasy hem-de syýahatçylygy bilen, şol sanda adamlaryň hem-de harytlaryň ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça netijeli gatnawyny üpjün etmek arkaly, aragatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin goldaw berilmegine zerurlyk çekýärler.

Maslahat halkara bileleşigini deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde ulagy ösdürmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de utgaşdyrmak boýunça işleri goldamaga çagyrýar.

Ulag düzüminiň üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda maddy däl düzümiň komponentlerini gowulandyrmagyň hem harytlaryň, ýolagçylaryň hem-de ulag serişdeleriniň netijeli hereketini ýeňilleşdirmek, şeýle hem ulag çykdajylaryny azaltmak üçin örän möhümdigi nygtaldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda energetika düzümleriniň hem-de maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryna elýeterliligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ulag we üstaşyr ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigi baradaky bir pikire gelindi.

COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag aragatnaşygyny maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmak hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak

Deňze çykalgasy bolmadyk 32 döwletiň üznüksiz ulag gatnawlaryny üpjün etmek üçin ulag düzümindäki tapawudyň aradan aýrylmagy uly möçberli maýa goýumlarynyň hem-de maliýe serişdeleriniň jemlenilmegine, şeýle hem COVID-19 pandemiýasyndan ozal jemi ABŞ-nyň 0,51 trillion dollary möçberinde maliýe ýetmezçiligine baha berilmegine baglydyr, bu ýetmezçilik soňky iki ýylyň dowamynda has-da köpeldi. Ösüş banklary tarapyndan täze hem-de goşmaça maliýeleşdirilmegi bu maksada ýetmekde tagallalar üçin aýratyn peýdaly bolup biler.

Muňa garamazdan, bu mesele puluň hümmetiniň barha pese gaçmagy, ösüş ulgamynda sarp edilişiniň ýokarlanmagy, bäsdeşlik hem-de ykdysady ösüşiň haýallamagy zerarly emele gelýän ählumumy ykdysady päsgelçilikler netijesinde barha çylşyrymly wezipä öwrülýär, bu päsgelçilikler COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen serişdeler ýetmezçiligini ýitileşdirýär. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen ýurtlaryň düzümleýin gowşaklygynyň geljekde hem ýitileşmeginiň hem-de olaryň COVID-den soňky ýagdaýda yza galmagynyň töwekgelçiligi bar.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag düzümlerine mümkin bolan ähli çeşmelerden maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de olaryň maliýeleşdirilmegi örän möhüm bolup durýar. Ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda başlangyçlaryň öňe sürülmegi bu ýurtlarda ulag düzüminiň durnukly özgerdilmegini goldamak üçin zerur bolup galýar hem-de şeýle hyzmatdaşlyk giňeldilmelidir. Döwlet we hususy bölek az ösen ugurlara maýa goýumlaryny hem-de tehnologiýalary çekip bilerler.

Halkara bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde düzümleriň ösdürilmegine ähli çeşmelerden, içerki serişdelerden, resmi goldawdan Demirgazyk — Günorta, Günorta — Günorta hem-de döwlet we hususy hyzmatdaşlygy üçtaraplaýyn görnüşde ösdürmek maksady bilen degişli düzümlerde emele gelen boşlugy hem-de ýetmeýän ugurlary doldurmak üçin milli we halkara ösüş banklarynyň serişdeleriniň hasabyna her ýylky maýa goýumlaryny pesinden iki esse artdyrmaga çalyşmalydyrlar.

Köpugurly maliýe edaralary hem-de ösüş düzümleri we sebit ösüş banklary ýokarda görkezilen ýurtlar üçin düzümleriniň maksatlaýyn maliýeleşdirilmegini ýola goýmalydyrlar hem-de düzümleriň we tehniki hyzmatyň ösdürilmegine bölüp bermek üçin olara elýeterliligiň ýörite serişdelerini bermelidirler.

Halkara bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere kabul ederlikli bank taslamalaryny, şeýle hem anyk taslamalary, esasan-da, tehniki-ykdysady esaslandyrmalary, çylşyrymly şertnamalar hem-de dolandyryş taslamalary boýunça gepleşikleri taýýarlamak babatynda maliýe we tehniki goldaw bermelidir. Bu tagallalar ýerli ukyp-başarnyklaryň hem-de mümkinçilikleriň ösdürilmegine gönükdirilmelidir.

Maslahatda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üznüksiz aragatnaşygyny hem-de düzümleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Mümkinçilikleri giňeltmek, ulag maglumatlary, ýol hereketiniň howpsuzlygy, düşewüntli düzümleýin taslamalary düzmek hem-de ulag we üstaşyr ulgamlarda maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalaryny has giň peýdalanmak ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyga aýratyn çagyryş beýan edildi.

Ulag geçelgeleri ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy

Ulag geçelgelerine esasy ýollary we çatryklary birleşdirýän ulag ulgamlarynyň esasy hökmünde garalýar hem-de ýokarda görkezilen ýurtlaryň bazarlar bilen arabaglanyşygyny gowulandyrmagyň, üstaşyr geçirişiň netijeliligini üpjün etmegiň hem-de has netijeli we täsirli ulag hem-de logistika hyzmatlarynyň hasabyna ulag çykdajylaryny azaltmagyň möhüm serişdesi bolup bilerler.

Netijeli we bähbitli üstaşyr ulag geçelgeleri diňe bir oňat hyzmat edilýän ulag düzümine eýe bolmak bilen çäklenmän, ylalaşylan hukuk kadalarynyň, düzgünleriň hem-de üstaşyr syýasatyň üznüksiz ýerine ýetirilmegini, şeýle hem ulaga we söwda ýardam bermek boýunça çäreleriň berjaý edilmegini talap edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasynyň gündelik anyk ulag maksatlarynyň möhümdigini tassykladylar, olaryň hatarynda geçelgeler boýunça ýola sarp edilýän wagtyň azaldylmagy, guryýer serhetlerinde geçirilýän wagtyň azaldylmagy hem-de üstaşyr gatnawlaryň we söwdanyň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilen beýleki wezipeler bar.

Ministrler geçelgeleriň düzümini giňeltmäge hem-de fiziki we maddy däl düzümleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde multimodal gatnawlaryň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini artdyrmaga ýene bir gezek çagyrdylar, şunda demir ýol, awtomobil, suw ulaglarynyň, howa menzilleriniň, ammarlaryň, port desgalarynyň hem-de logistika hyzmatlarynyň möhümdigi bellenildi.

Ýörite ara alyp maslahatlaşmalarda ulag geçelgeleriniň çäklerinde utgaşdyrylmagynyň dowam etdirilmeginiň hem-de gowulandyrylmagynyň zerurdygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar sebit ykdysady özara üstüniň ýetirilmegine we utgaşdyrylmagyna ýardam bermek arkaly ykdysady geçelgelerini döretmek meselesine garamaga çagyrdylar.

Kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnuklylygy dikeltmekde sanly ulgamlary pugtalandyrmak

Bilermenleriň baha bermegine görä, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen deňeşdirilende ulag çykdajylaryna ortaça iki esse köp serişde sarp edýärler hem-de olara daşary ýurt bazarlaryna harytlary ibermek hem-de almak üçin köp wagt sarp etmek gerek bolýar. COVID-19 pandemiýasy bu meseleleri has-da kynlaşdyrdy. Ählumumy gämi gatnawlary we port amallary işlerindäki bökdençlikler hem ýokarda görkezilen ýurtlar üçin söwda amallarynyň saklanylmagyna hem-de çykdajylaryň artmagyna getirdi.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwda kadalaryny ýeňilleşdirmek baradaky Ylalaşygyny, şeýle hem söwda we ulag bilen baglanyşykly, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň içerki ulag hakyndaky konwensiýasy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, üstaşyr geçiriji ýurtlar hem-de olaryň söwda hyzmatdaşlary bilen baglaşylan ylalaşyklaryň we kadalaryň, beýleki halkara we sebit ähmiýetli konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegini giňeltmek binýat goýujy ähmiýete eýedir.

Serhetlerde emele gelýän päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin kadalary ýönekeýleşdirmek hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň, şol sanda ýolda gelýän harytlaryň aýanlygyny ýokarlandyrmak örän möhümdir. Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwdanyň kadalaryny ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşygyna laýyklykda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary we adam mümkinçilikleri babatynda goldawa zerurlyk çekýän ýurtlar hökmünde başlangyçlaryň hem-de ulgamlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen güýçli goldawa zerurlyk bardygy barada bu ýurtlar habardar edildi.

Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem intellektual usullar, ulaglaryň ýolda boş geçirýän wagtyny azaltmak üçin ugurlary we hereketleriň tertipnamasyny düzmek, ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmegi gowulandyrmak hem-de ulag ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly amallary ýeňilleşdirmek usuly bilen ulag ulgamlaryny meýilnamalaşdyrmagy üýtgetmek boýunça tagallalary dikeltmek kararyna geldiler.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň 12-nji Ministrler maslahaty (MM 12) BSG-niň söwda kadalaryny ýeňilleşdirmek boýunça komitetine iş meýilnamasynyň gün tertibine 2026-njy ýylda berilmeli geljekki syna çenli deňze çykalgasy bolmadyk agza döwletleriň üstaşyr geçiriş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyllyk ýörite mejlisi geçirmek meselesini girizmegi tabşyrdy. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler degişli guramalaryň goldaw bermeginde şol mejlisleri deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin netijeli üstaşyr geçirişi üpjün etmek üçin netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin peýdalanmalydyrlar.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak, şol sanda üstaşyr geçirişi we söwdany ýeňilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek arkaly peýdalanmak möhümdir, halkara we sebit guramalary, şeýle hem BMG-niň ulgamynyň degişli edaralary söwdany we üstaşyr geçirişi ýeňilleşdirmek üçin MKT-birikdirmesine hem-de MKT-çözgütlerine giňden goldaw bermelidirler. Häzirki zaman tehnologiýalaryny bermek, tehniki ýardam etmek hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň we üstaşyr geçiriji ýurtlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly öňdebaryjy tejribäniň peýdalanylmagyny höweslendirmek zerurdyr.

Ygtybarly ulag gatnawlary, ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlary döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirleri peseltmek — tejribe we öňdebaryjy amallar

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly suw joşmalary, tupan turmagy, gurakçylyklar, siklonlar, aýratyn yssy döwürler hem-de beýleki adatdan daşary howa hadysalary ýaly tebigy heläkçilikler deňze çykalgasy bolmadyk köp sanly döwletleriň ulag düzümleriniň (şol sanda awtomobil we demir ýollar) mümkinçiliklerini peseldýär, bu bolsa düzümleriň ýitgisine hem-de dargadylmagyna we uly ykdysady ýitgilere getirýär. Şunuň ýaly tebigy heläkçilikler üstaşyr söwda oňaýsyz täsir edýär hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä bazarynda bäsdeşlik mümkinçiliklerini çäklendirýär.

CO2 zyňyldylarynyň üçden birine golaý böleginiň ulag ulgamynyň paýyna düşýändigini hasaba almak bilen, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak hem onuň täsirlerine uýgunlaşmak ýaly möhümdir. Emma ýokarda görkezilen ýurtlara tebigy heläkçilikleriň ýetiren täsirlerine uýgunlaşmaga hem-de olary azaltmaga çemeleşmeleri doly peýdalanmak üçin zerur bolan maliýe we tehniki serişdeler ýetmezçilik edýär, bular şol ýurtlaryň durnukly ösüş babatynda öňe hereketini tizleşdirmek üçin örän uly ähmiýete eýedir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde hem-de üstaşyr geçiriji ýurtlarda howanyň üýtgemegine durnukly ulag düzümine hem-de ulag ulgamlarynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna maýa goýumlaryň ýiti zerurlygy duýulýar. Bu wezipä ulag düzümi meýilnamalaşdyrylanda, onuň taslamasy düzülende, ulanylanda hyzmat etmegiň býujeti düzülende howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri nazara almak bilen ýetmek mümkindir.

Howanyň üýtgemeginiň üstaşyr söwda gatnaşyklarynyň hem-de harytlary ibermegiň özara baglanyşykly halkasynyň bozulmagyna getirmeginiň mümkindigini hasaba almak bilen deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere energiýanyň pes uglerodly çeşmelerine hem-de tehnologiýalara geçmegini tizleşdirmäge goldaw bermek zerurdyr. Munuň özi bu ýurtlarda ulagyň durnukly özgerdilmegini hem-de ekologiýa taýdan arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine taýýarlygyny üpjün etmek üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini talap edýär.

Şeýle hem ulag ulgamynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak hem-de olara uýgunlaşmak, şeýle hem adatdan daşary howa ýagdaýlary emele gelen halatynda olara taýýar bolmak babatynda zerur bolan serişdeleriň we hyzmatlaryň jemlenilmegi üçin deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy örän möhümdir.

Nobatdaky hereketler

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, üstaşyr geçiriji hem-de ösüş boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol ýurtlaryň bähbidine ulag ulgamlaryny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de kämilleşdirmek we şu maslahatyň jemlerini we görkezmelerini doly ýerine ýetirmek üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar.

Maliýe edaralary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde bu ýurtlaryň milli derejedäki tagallalaryna hem-de maýa goýumlaryna goşmaça durnukly ulag düzüminiň ösüşini tizleşdirmek hem-de onuň bilen baglanyşykly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berlişini artdyrmalydyrlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatyna netijeli taýýarlyk görmek hem-de ony üstünlikli guramak Baş Assambleýanyň 76/217 Kararnamasynda görkezilişi ýaly möhüm ähmiýete eýedir. Şol maslahatda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň we üstaşyr geçiriji we ösüş boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen halkara goldawyň täzelenen görnüşleri kemala getiriler hem-de kabul ediler. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň degişli edaralaryna hem-de beýleki halkara we sebit guramalaryna taýýarlyk işlerine öz goşandyny goşmak teklip edilýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk we üstaşyr geçiriji ösüp barýan döwletlere hem-de ösüş boýunça olaryň hyzmatdaşlaryna taýýarlyk işlerinde örän işjeň orny eýelemek hem-de 2024-nji ýylda maslahatyň işine ýokary derejede gatnaşmak teklip edildi.

Birinji Ählumumy ulag maslahatynyň jemleri boýunça binýady goýlan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň möhümdigini ykrar etmek bilen, ministrler bu prosesiň çäklerinde ýokary derejede halkara duşuşyklarynyň yzygiderli ýagdaýda geçirilmegini goldadylar.

Ministrler ulag, gümrük, wiza hem-de beýleki söwda-ulag meseleleriniň oňyn çözülmeginiň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam bermek üçin uly ähmiýetini belläp, Aşgabat prosesiniň çäklerinde degişli köptaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň, mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagynyň hem-de bilim beriji çäreleriň guralmagynyň zerurdygy barada ylalaşyga geldiler.

Taraplar maslahatyň dowamynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika” görnüşinde ulag ministrleriniň duşuşygynyň jemlerini makulladylar hem-de ýokarda görkezilen gepleşikleriň yzygiderli esasda dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle sebit we sebitara gepleşikleri dürli sebitlerde höweslendirilmelidir.

Ministrler maslahatynda myhmansöýerlik hem-de bu maslahatyň üstünlikli guralmagyna maliýe goşandy üçin Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyk bildirildi.

Şeýle hem Ministrler maslahatynda az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliň edarasy tarapyndan berlen düýpli goldaw üçin hoşallyk beýan edildi.

Ministrler maslahatynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Bütindünýä toparynyň başlygy hökmünde Botswana Respublikasynyň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda we ösüş meseleleri boýunça Toparynyň Ženewadaky utgaşdyryjysyna tagallalary üçin hoşallyk beýan edildi.

Şeýle hem Ministrler maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, üstaşyr geçiriji we ösüş boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň, BMG-niň ulgamynyň edaralarynyň, köpugurly we sebit ösüş banklarynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, hususy bölegiň, seljeriş merkezleriniň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň foruma işjeň gatnaşandygyna we onuň geçirilmegine uly goşant goşandygyna ýokary baha berdi.

2022-nji ýylyň 16-njy awgusty, Türkmenistan, Türkmenbaşy şäheri.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi