icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 fewral 2017

53419

Türkmenistanyň raýatlygy hakynda

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygy

Türkmenistanyň raýatlygy – adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýar.

2-nji madda. Raýat we döwlet

1. Türkmenistan öz edaralarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň üsti bilen her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir. Türkmenistanyň raýaty döwletiň öňünde jogapkärdir hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, olarda bellenilen borçlary ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň bähbitlerini, onuň çäginiň bitewiligini gorap saklamaga, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berkitmäge ýardam etmäge we konstitusion gurluşy goramaga, döwlet diline, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli milletleriň wekilleriniň medeniýetine, däp-dessuryna hem-de diline sarpa goýmaga borçludyr.

2. Döwlet şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem-de mizemez hukuklaryny goraýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan hem-de olaryň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň esasy ýörelgeleri

Türkmenistanyň raýatlygy şu esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) her bir adamyň raýatlyga hukugy bardyr;

2) raýatlygyň berilmeginiň esaslaryna garamazdan Türkmenistanyň raýatlygy Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin deňdir;

3) adama onuň erkiniň garşysyna raýatlyk berlip bilinmez;

4) Türkmenistanyň raýaty raýatlygyndan, raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip, başga döwlete berlip ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp, şeýle hem onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez;

5) raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak.

5-nji madda. Türkmenistanyň raýatlary

1. Şu Kanunyň güýje giren gününde Türkmenistanyň raýatlygynda durýan, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygy berlen ýa-da ony saklamak hukugyna eýe bolan adamlar Türkmenistanyň raýatlary bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär. Eger Türkmenistanyň raýatynda başga döwletiň raýatlygy bar bolsa, onda oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda diňe Türkmenistanyň raýaty hökmünde garalýar.

3. Türkmenistanyň raýatynyň başga döwletiň çäginde ýaşamagy Türkmenistanyň raýatlygynyň öz-özünden bes edilmegine eltmeýär.

6-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet tarapyndan goralmagy

1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär.

2. Türkmenistan, daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň raýatlarynyň bolýan döwletiniň kanunlary hem-de Türkmenistanyň we bolunýan döwletiň gatnaşýan halkara şertnamalary arkaly berlen ähli hukuklardan doly möçberde peýdalanmaga mümkinçilikleriniň bolmagy, kanunçylykda bellenilen tertipde olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, zerur bolanda bolsa Türkmenistanyň raýatlarynyň bozulan hukuklarynyň dikeldilmegi üçin ähli çäreleri görmäge borçludyrlar.

3. Eger Türkmenistanyň raýatynyň bolýan döwletinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary ýok bolsa, onda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletleriň degişli edaralary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

7-nji madda. Nika baglaşylanda ýa-da bozulanda Türkmenistanyň raýatlygy

1. Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bilen nika baglaşmagy ýa-da nikasyny bozmagy raýatlygyň üýtgemegine eltmeýär.

2. Är-aýalyň biriniň raýatlygynyň üýtgemegi olaryň beýlekisiniň raýatlygynyň üýtgemegine eltmeýär.

3. Nikanyň bozulmagy şol nikada doglan ýa-da nika döwründe ogullyga (gyzlyga) alnan çagalaryň raýatlygynyň üýtgemegine eltmeýär.

4. Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşan daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň isleg bildirmegi boýunça we şu Kanunda göz öňünde tutulan şertler berjaý edilende ol Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner.

8-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar

1. Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adamlar daşary ýurt raýatlary diýlip hasap edilýär.

2. Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk adamlar diýlip hasap edilýär.

3. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem borçlary berjaý edýärler.

4. Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna öz ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmak hukugy kepillendirilýär.

9-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminamalar

1. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan gaýry resminama Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminama bolup durýar.

2. On alty ýaşyna ýetmedik çaganyň raýatlygy onuň dogluş hakynda şahadatnamasy ýa-da Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ata-enesiniň biriniň pasporty bilen tassyklanýar.

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ

BERILMEGI

10-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeginiň esaslary

1. Türkmenistanyň raýatlygy şu esaslar boýunça berilýär:

1) dogulmagy bilen;

2) raýatlyga kabul edilmegi bilen;

3) raýatlyga dikeldilmegi bilen;

4) şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar.

2. Adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi kesgitlenilende raýatlyk bilen baglanyşykly ýagdaýlar dörän pursadynda hereket eden Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary ulanylýar.

11-nji madda. Dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi

1. Adam dogulmagy bilen şu halatlarda Türkmenistanyň raýaty bolup durýar:

1) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýaty bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

2) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi raýatlygy bolmadyk ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen ýa-da bolýan ýeri belli bolmadyk adam bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

3) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;

4) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi ýa-da biri Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşan bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan;

5) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi daşary ýurt raýaty bolsa, çaga doglan pursadynda onuň ata-enesiniň ikisi hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşan we çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda doglan bolsa, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça. Şeýle arzanyň bolmadyk halatynda çaga raýatlygy bolmadyk adam bolýan bolsa, oňa Türkmenistanyň raýatlygy berilýär;

6) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda;

7) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan we onuň ata-enesiniň (ýeke-täk atasynyň ýa-da enesiniň) raýatlary bolup durýan döwletleri oňa raýatlyk bermeýän halatynda;

8) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) bolýan ýeri we raýatlygy belli bolmadyk adam bolsa, çaga Türkmenistanyň çäginde doglan halatynda.

2. Çaganyň atasy diýlip Türkmenistanyň raýaty anyklanan halatynda çaganyň enesi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, doglan ýerine garamazdan çaga Türkmenistanyň raýaty bolýar.

3. Ata-enesi belli bolmadyk Türkmenistanyň çäginde bolýan çaga Türkmenistanda doglan we Türkmenistanyň raýaty diýlip hasap edilýär. Bu çaganyň ata-enesinden biri, hossary ýa-da howandary ýüze çykan halatynda onuň raýatlygy şu Kanuna laýyklykda üýtgedilip bilner.

12-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň şertleri

1. On sekiz ýaşyna ýeten, kämillik ukyply adam onuň ýazmaça arzasy boýunça şu aşakdaky halatlarda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner, eger ol:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge hem-de hormatlamaga borçlansa;

2) Türkmenistanyň döwlet dilini gep alyşmagyň çäklerinde bilýän bolsa;

3) soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan bolsa;

4) eklenjiniň kanuny çeşmesi bar bolsa.

Eger adam Türkmenistanyň çäginden daşyna bir ýylyň dowamynda üç aýdan köp bolmadyk möhlete giden bolsa, onuň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşamagynyň möhleti üzülmeýär, şu Kanunyň 34-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen hemişelik ýaşamak möhleti şu aşakdaky adamlar babatda gysgaldylyp ýa-da ulanylman bilner:

1) türkmenler we olaryň nesilleri (çagalary, agtyklary, çowluklary we beýlekiler);

2) Türkmenistanda ýakyn garyndaşy bolan we hemişelik ýaşamak maksady bilen gelen öňki SSSR-iň raýatlary;

3) Türkmenistanyň öňünde görnükli hyzmatlary bitiren, ylymda, tehnikada, medeniýetde we sportda ýokary netijeleri gazanan ýa-da Türkmenistan üçin döwlet bähbitli käri ýa-da hünäri eýeleýän adamlar;

4) Türkmenistanyň raýatlygyna bolan hukugy öň bar bolan adamlar;

5) gaçybatalga berlen adamlar;

6) Türkmenistanyň kanuny ýa-da halkara şertnamasy bilen ykrar edilen bosgunlar;

7) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşap gelen, ýöne bu çäkden mejbur edilip göçürilen ýa-da syýasy ýa-da dini ynam-ygtykadyna görä yzarlanandyklary üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden adamlar, şeýle hem olaryň nesilleri.

3. Aýratyn halatlarda ýüz tutýanlar tarapyndan şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendi berjaý edilende, Türkmenistanyň Prezidenti olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edip biler.  

13-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek

Şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen adamyň ýazmaça arzasy boýunça, eger ol Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan bolsa ýa-da onuň Türkmenistana göçüp gelmek niýeti bar bolsa, şeýle hem şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde bellenilen şertleri berjaý edende ol Türkmenistanyň raýatlygyna dikeldilip bilner.

14-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmekden ýa-da oňa dikeltmekden ýüz döndermek üçin esaslar

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegini ýa-da oňa dikeldilmegini sorap ýüz tutan adamyň arzasy şu halatlarda kanagatlandyrylmaýar, eger ol:

1) halkara hukugynda göz öňünde tutulan parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy jenaýatlary, harby jenaýatlary eden, terrorçylykly hereketi alyp barýan bolsa;

2) Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny zorlukly üýtgetmäge çagyryş bilen çykyş edýän ýa-da beýleki hereketleri bilen döwletiň howpsuzlygyna we ilatyň saglygyna wehim döredýän bolsa;

3) döwletara, milli we dini duşmançylygy öjükdirýän bolsa;

4) galp resminamalary tabşyran ýa-da göz-görtele ýalan maglumatlary beren bolsa;

5) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilen we eden jenaýaty üçin öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bar bolsa;

6) azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çekýän bolsa;

7) başga döwletiň raýatlygynda durýan bolsa.

III BAP. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ

BES EDILMEGI

15-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygyny bes etmek üçin esaslar

Türkmenistanyň raýatlygy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) raýatlykdan çykylmagy;

2) raýatlygyň ýitirilmegi;

3) şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

16-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagyň tertibi

1. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak şu Kanunda bellenilen tertipde raýatyň isleg bildirmegi boýunça onuň ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar.

2. Çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy onuň kanuny wekilleri tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak barada ýüz tutan raýatyň arzasy şu halatlarda kanagatlandyrylmaýar, eger ol:

1) aýyplanýan hökmünde jenaýat jogapkärçiligine çekilýän ýa-da ol barada kazyýetiň güýje giren we ýerine ýetirilmäge degişli hökümi bar bolsa;

2) döwletiň, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň öňünde ýerine ýetirilmedik borjy ýa-da bergisi bar bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli howpsuzlygyň bähbitlerine ters gelýän bolsa;

4) raýatlygy bolmadyk adam bolmaga getirýän bolsa.

17-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi

Türkmenistanyň raýatlygy şu aşakdaky halatlarda ýitirilýär:

1) adamyň başga döwletde harby gulluga, howpsuzlyk, polisiýa, adalat edaralaryna, diplomatik gulluga ýa-da beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna gulluga girmegi netijesinde, muňa Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;

2) Türkmenistanyň raýatlygy göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýa-da galp resminamalaryň berilmeginiň netijesinde berlen bolsa;

3) Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça.

IV BAP. ÇAGALARYŇ ATA-ENESINIŇ RAÝATLYGY ÜÝTGÄNDE, ÇAGALAR OGULLYGA (GYZLYGA) ALNANDA WE OLARA HOSSARLYK (HOWANDARLYK) BELLENENDE OLARYŇ RAÝATLYGY

18-nji madda. Ata-enesiniň raýatlygy üýtgände çaganyň raýatlygynyň üýtgemegi

1. Çaganyň ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýän ýa-da oňa dikeldilýän bolsa, çaga hem Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär.

2. Çaganyň ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýan ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyny ýitirýän bolsa, çaga hem, eger-de ol raýatlygy bolmadyk adam bolmaýan bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýar.

3. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ata-enäniň raýatlygy üýtgände çagalaryň raýatlygy üýtgemeýär.

19-njy madda. Ata-enesiniň birine Türkmenistanyň raýatlygy berlen halatynda çaganyň raýatlygy

1. Eger çaganyň ata-enesiniň birine Türkmenistanyň raýatlygy berilýän, beýlekisi başga döwletiň raýaty bolmagynda galýan bolsa, onda şol çaganyň ýaşaýan ýerine garamazdan, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça çaga Türkmenistanyň raýatlygy berlip bilner.

2. Eger çaganyň ata-enesiniň birine Türkmenistanyň raýatlygy berilýän, beýlekisi raýatlygy bolmadyk adam bolmagynda galýan bolsa, onda çaga ýaşaýan ýerine garamazdan Türkmenistanyň raýaty bolýar.

20-nji madda. Ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen halatynda çaganyň raýatlygy

Ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýatlygyny bes edýän, beýlekisi Türkmenistanyň raýaty bolup galýan bolsa, şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar ýa-da ol ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden atasy ýa-da enesi bilen bir wagtda Türkmenistanyň raýatlygyndan çykýar.

21-nji madda. Ogullyga ýa-da gyzlyga alnan çaganyň raýatlygy

1. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaga daşary ýurt raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnan halatynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaga Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar.

2. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaga daşary ýurt raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnan we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan halatynda, eger ony ogullyga ýa-da gyzlyga alan är-aýalyň raýatlary bolup durýan döwletleri oňa raýatlyk bermeýän bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar.

3. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaga raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnanda ýa-da ogullyga ýa-da gyzlyga alan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi raýatlygy bolmadyk adam ýa-da daşary ýurt raýaty ýa-da ogullyga ýa-da gyzlyga alan är-aýalyň biri daşary ýurt raýaty, beýlekisi raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan bolsa, onda şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

4. Daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bolan çaga Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnanda, ol Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.

5. Daşary ýurt raýaty bolup durýan çagany ogullyga ýa-da gyzlyga alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi bolsa raýatlygy bolmadyk adam ýa-da ikisi hem Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, onda şol çaga Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.

6. Daşary ýurt raýaty bolup durýan çagany ogullyga ýa-da gyzlyga alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi bolsa daşary ýurt raýaty bolup durýan bolsa, onda şeýle çagany ogullyga ýa-da gyzlyga alan är-aýalyň ýazmaça görnüşde beýan eden razylygy boýunça çaga Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.

7. Raýatlygy bolmadyk adam bolup durýan çagany ogullyga ýa-da gyzlyga alýan är-aýalyň biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa, onda şol çaga Türkmenistanyň raýaty hasaplanýar.

8. Türkmenistanda doglan çaga daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnanda, şeýle çaga başga halatda raýatlygy bolmadyk adam bolýan bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar.

9. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy ony ogullyga ýa-da gyzlyga alan adamlaryň bilelikdäki arzasy boýunça amala aşyrylýar.

22-nji madda. Hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenen çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy

Eger Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaganyň ata-enesi ýa-da ýeke-täk atasy ýa-da enesi Türkmenistanyň raýatlygyny bes edýän hem-de ata-enelik hukugyndan mahrum edilen bolsalar, onda hossaryň ýa-da howandaryň arzasyna görä şol çaga Türkmenistanyň raýatlygyny özünde saklap galýar.

23-nji madda. Çagalaryň raýatlygy üýtgedilende olaryň razylygynyň zerurlygy

On dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çaganyň ata-enesiniň (ýeke-täk atasynyň ýa-da enesiniň) raýatlygy üýtgände, şonuň ýaly-da şeýle çaga ogullyga ýa-da gyzlyga alnan halatynda onuň raýatlygynyň üýtgemegine, diňe şol çaganyň öz razylygy bilen hem-de meýletin beýan eden, kepillendiriş tertibinde güwä geçilen ýazmaça arzasy esasynda ýol berilýär.

V BAP. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE DÖWLET EDARALARYNYŇ TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA YGTYÝARLYKLARY

24-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti çözgüt kabul edýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça şu aşakdaky çözgütleri kabul edýär:

1) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek we Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarmak hakynda;

2) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek boýunça arzalary kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda;

3) şu Kanunyň 17-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi hakynda.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlygynyň  meselelerine garamagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklaýar.

25-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça ygtyýarly döwlet edaralary

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarydyr.

26-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy:

1) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul edýär, şeýle arzalaryň we olara goşulan resminamalaryň degişli barlagyny geçirýär hem-de olary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini kesgitleýär we oňa degişli resminamany berýär;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirýär;

4) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da oňa dikeldilen, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi kesgitlenen adamlaryň hasabyny ýöredýär.

27-nji madda. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary:

1) Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul edýärler hem-de şeýle arzalary we olara goşulan resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýärler;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi baradaky ýazmaça tassyknamanyň esasynda adama degişli resminamalary berýärler;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirýärler;

4) Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hasabyny ýöredýärler;

5) Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden adamlaryň hasabyny ýöredýärler.

VI BAP. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA IŞLERI ÝÖRETMEK

28-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary bermegiň tertibi

1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalar bellenilen tertipde:

1) Türkmenistanda ýaşaýan adamlar tarapyndan – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna we onuň ýerlerdäki edaralaryna;

2) Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan adamlar tarapyndan – Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna berilýär.

2. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, raýatlygyny dikeltmek, raýatlygyndan çykmak meseleleri boýunça arzalar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarly döwlet edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna berilýär.

3. Çagalaryň we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary olaryň ata-eneleri ýa-da beýleki kanuny wekilleri tarapyndan berilýär.

29-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça resminamalara garamak

1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary şol arzalar boýunça özleriniň delillendirilen netijenamalaryny çykarýarlar.

2. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi arzalar boýunça öz netijenamalaryny ýa-da Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça teklipnamalaryny we beýleki zerur maglumatlary seretmek we çözgüt kabul etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberýärler.

3. Raýatlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän topar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen resminamalara garaýar we arza beren her bir adam babatda, onuň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi, Türkmenistanyň raýatlygyna dikeldilmegi, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykarylmagy barada arzasyny kanagatlandyrmak ýa-da kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berýär.

4. Toparyň özüniň önümçiliginde durýan iş boýunça zerur resminamalary we maglumatlary degişli döwlet edaralaryndan hem-de jemgyýetçilik guramalaryndan talap edip almaga haky bardyr, olar bolsa zerur resminamalary we maglumatlary Toparyň bellän möhletinde berýärler.

5. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak hakynda arzalar barada çykarylan netijede şu Kanunyň 16-njy maddasynda görkezilen meseleler boýunça takyk maglumatlar beýan edilýär.

30-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça namalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň, oňa dikeltmegiň we ondan çykarmagyň meseleleri barada Perman, raýatlyga kabul etmek ýa-da oňa dikeltmek barada arzany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilende, şeýle hem şu Kanunyň 17-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça Türkmenistanyň raýatlygy ýitirilende bolsa karar çykarýar.

31-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalara garamagyň möhleti

Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalara garamagyň möhleti arzanyň kabul edilen gününden alty aýdan köp bolmaly däldir.

32-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalara gaýtadan garamak

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmekden ýa-da oňa dikeltmekden, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlygyndan çykylmagyndan ýüz dönderilen halatynda şu meseleler boýunça gaýtadan berlen arzalara şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden bir ýyl geçenden soň garalýar. Arza berijä mälim bolmadyk ýa-da mälim bolup bilmejek ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, gaýtadan berlen arza bu möhletden öň hem garalyp bilner.

33-nji  madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň senesi

1. Türkmenistanyň raýatlygy berilýär:

1) çaganyň doglan, ogullyga ýa-da gyzlyga alnan güni;

2) kämillik ýaşyna ýetmedik çaga onuň ata-enesine Türkmenistanyň raýatlygynyň berlen güni;

3) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek ýa-da oňa dikeltmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň güýje giren güni.

2. Türkmenistanyň raýatlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdiniň güýje giren gününden bes edilýär.

34-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşamagyň möhletini hasaplamak

1. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşamagyň şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen möhletine şu aşakdakylar girýär:

1) goşunda gulluk edilen wagt – eger şol gulluk eden adam gulluk etmezden ozal Türkmenistanda ýaşan bolsa hem-de goşundan boşan güni bilen Türkmenistana hemişelik ýaşamak üçin gelen gününiň aralygyndaky arakesme alty aýdan geçmeýän bolsa;

2)  Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlerde okalan wagt – eger okuwyň gutarylan ýa-da okuw mekdebinden çykarylan wagt bilen Türkmenistana gelnen günüň aralygyndaky arakesme alty aýdan geçmeýän bolsa;

3) Türkmenistanyň çäklerinden daşarky ýerlere iş saparyna gidilen wagt – eger iş saparynyň tamamlanan wagty bilen Türkmenistana gelnen günüň aralygyndaky arakesme alty aýdan geçmeýän bolsa.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen alty aýlyk möhletiň hasaplanylyşy adam näsaglan, tebigy betbagtçylyga uçran halatynda ýa-da beýleki delilli sebäpler boýunça togtadylýar.

3. Beýleki döwletleriň kazyýet edaralary tarapyndan bellenen jenaýat jeza çäreleriniň çekilen wagty, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde iş saparynda, kesel bejerişde bolunmagy hem-de wagtlaýyn ýaşamagyň beýleki halatlary Türkmenistanyň çäginde ýaşamagyň möhletine girizilmeýär.

4. Türkmenistanyň Prezidenti adamyň Türkmenistanyň çäginde bolup bilmedik başga hili ýagdaýlaryny hem ykrar etmäge we olary Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşamagyň möhletine girizmäge haklydyr.

35-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütleriň ýerine ýetirilmegi

1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul eden ygtyýarly döwlet edaralary kabul edilen çözgütler barada arza beren adamlara habar berýär.

2. Türkmenistanyň raýatlygy berlen adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşurylýar.

36-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek

Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlyk meseleleri boýunça topar amala aşyrýar.  

VII BAP. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA ÇÖZGÜTLER BARADA ŞIKAÝAT ETMEK

37-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütler barada şikaýat etmek

1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütlere Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan täzeden garalyp bilner.

2. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça çözgütler barada şikaýatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna berilýär.

38-nji madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça wezipeli adamlaryň hereketleri barada şikaýat etmek

Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça berilýän arzalary kabul etmekden ýüz dönderilmegi, arzalara garamak möhletiniň bozulmagy hem-de wezipeli adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meselelerine garamagyň, şeýle hem bu meseleler boýunça çözgütleri ýerine ýetirmegiň tertibini bozýan beýleki hereketleri barada bellenilen tertipde ýokarda durýan wezipeli adama ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

VIII BAP. GEÇIŞ DÜZGÜNLER

39-njy madda. Türkmenistanyň raýatlygynyň ykrar edilmegi

1992-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşandygynyň subutnamasy bolan öňki SSSR-iň raýatlarynyň hemmesi, eger Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak barada ýazmaça ýüz tutmadyk bolsalar, Türkmenistanyň raýatlary diýlip ykrar edilýär.

40-njy madda. Türkmenistanyň çäginden daşyna wagtlaýyn gidenleriň hukuklary

1. 1992-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň çäginden daşyna şular bilen baglanyşykly wagtlaýyn giden adamlar Türkmenistanyň raýatlary diýlip hasap edilýär:

1) möhletli harby gulluga çagyrylmagy;

2) ätiýaçlykdaky ofiser we beýleki harby atlary bolan harby gullukçylaryň hakyky harby gulluga çagyrylmagy;

3) zähmet, gulluk gatnaşyklary sebäpli ýa-da okuwa, keselini bejertmäge gidilmegi (nirede ýazga alnandygyna garamazdan);

4) terbiýelemek üçin döwletiň çagalar edaralaryna ýerleşdirilmegi, dogan-garyndaşlaryna, hossarlaryna ýa-da howandaryna berilmegi, hossarlyk ýa-da howandarlyk wezipesini ýerine ýetirmegi;

5) azatlykdan mahrum etmäge iş kesilip, jezasyny çekmek üçin iberilmegi.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlar bilen bile Türkmenistanyň çäginden daşyna wagtlaýyn giden maşgala agzalary Türkmenistanyň raýatlary diýlip hasap edilýär.

41-nji madda. Raýatlygyň saýlanyp alynmagyna bolan hukuk

1. Türkmenistanyň raýatlygy bilen bir hatarda başga döwletiň raýatlygy bolan, şol sanda dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygy bilen bir hatarda başga döwletiň raýatlygy hem berlen on sekiz ýaşyna ýeten adamyň Türkmenistanyň raýatlygyny ýa-da başga döwletiň raýatlygyny saýlap almaga hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden adamlar Türkmenistanda ýaşamagyny dowam etdirseler, olara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ýaşamak üçin ygtyýarnama berilýär.

3. Türkmenistanyň raýatlygyny saýlap almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary bilen kesgitlenilýär.

IХ BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

42-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

43-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk şu Kanuna laýyk getirilýänçä, şu Kanuna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

4. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 71-nji madda);

2003-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10-njy madda);

2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 49-njy madda).

Türkmenistanyň Prezidenti                                                                                       

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 22-nji iýuny.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi