icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 awgust 2023

2300

Ýaponiýada türkmen dilini öwredýän okuw dersleri başlanýar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Ýaponiýada türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge isleg bildirýänler üçin Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku tarapyndan okuw sapaklary geçiriler.

Ýaponiýada türkmen diliniň öwrenilmegini ilerletmek üçin Masahiro Oku bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň uçurymy Jennet Rozykulyýewa tarapyndan 2023-nji ýylyň iýul aýynda “Ýapon dilinde türkmençe gepleşik kitapaçasy” atly täze okuw gollanmasy taýýarlanyldy.

Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň adam resurslaryny ösdürmek taslamanyň (NipCA Project) çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda we 27-nji iýunynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň professory Tosinobu Usuýama, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgäri Masahiro Oku Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin dürli mowzuklar, şol sanda, ýapon we türkmen dillerini deňeşdirmek boýunça ýörite leksiýalarynyň okadylandygy barada bellemek gerek.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi