10 awgust 2023
5517
Ýaponiýanyň Tsukuba Uniwersitetinde geçirilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň we Tsukuba uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny güýçlendirmeklige, bilelikdäki gözleg taslamalaryny we ylmy maslahatlary guramaklyga çuňňur gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, duşuşykda taraplar geljekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek