12 awgust 2023
4587
Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygynda täze bellenen ilçisi M.Maşalow (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ouk Fianga ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Protokol müdirliginiň ýolbaşçysy ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Ilçi öz gezeginde, Türkmenistanyň we Kambojanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.
Başga habarlar
19
Jun
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Jun
Baku şäherinde adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumy geçirildi
19
Jun
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
18
Jun
Tähranda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi
16
Jun
Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Ähli habarlary görmek