09 sentýabr 2023
5072
Türkmenistanyň ilçisiniň Pakistanyň söwda, senagat we önümçilik ministri bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Mowlamowyň bu ýurduň geçiş hökümetiniň söwda, senagat we önümçilik ministri Gohar Ejaz bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ilçi söhbetdeşine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän giňişleýin özgertmeler barada habar berdi. Şeýle mysal hökmünde “akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheri getirildi.
Ministr ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine pakistan tarapynyň ygrarly bolup durýandygyny mälim etdi.
Başga habarlar
17
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki ÇYKYŞY
16
Oct
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
08
Oct
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek