09 maý 2023
5448
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününe bagyşlanyp Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän bu gezekki dabaralara gatnaşmagy häzirki nesliň hakydalarynda baky saklanan edermen-azat edijileriň umumy edermenligine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýar.
Başga habarlar
30
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Günorta Afrika Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy
30
Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek