08 iýun 2023
7274
Wengriýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.
Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler.
Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär.
Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.
Başga habarlar
25
Noý
В МИД Туркменистана состоялась встреча с Постоянным координатором ООН
25
Noý
Türkmen wekiliýetiniň döwlet maliýe gözegçiligi ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Italiýa Respublikasyna iş sapary
25
Noý
Türkmenistanyň DIM-de Belarus Respublikasynyň Premyer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
24
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
24
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi
Ähli habarlary görmek