25 iýul 2023
7199
Türkmenistanyň DIM-nde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow “ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.
Başga habarlar
30
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Günorta Afrika Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy
30
Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek