icon
Türkmençe
Русский
English
2023-nji ýyl - «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
»
img

22 sentýabr 2023

1883

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ekologik meseläniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda ekologiýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekiliniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu meseläniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Türkmenistan «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ýöriteleşdirilen düzüm howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini peseltmek babatda hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolar.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, derwaýys ekologik meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2023 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi