23 oktýabr 2023
4814
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Taraplaryň “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk formatynyň çägindäki netijeli işleri babatynda hem bellenildi.
Başga habarlar
26
Sep
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
24
Sep
Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk eder
Ähli habarlary görmek