22 ýanwar 2024
6885
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.
Başga habarlar
29
Okt
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
29
Okt
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Pusan şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy
29
Okt
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi
28
Okt
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ähli habarlary görmek