20 mart 2024
4879
Türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň täze sahypasy:hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Brýussele amala aşyran saparynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Federal gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Ähtnamada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň çygry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we bir gezeklik geňeşmeler, institusional gatnaşyklar we maglumat alyş-çalşygy ýaly ugurlar göz öňünde tutýar.
Başga habarlar
26
Sep
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Ähli habarlary görmek