icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 maý 2024

2544

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň diňe bir köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däl, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman yzygiderli geçirilýän bilelikdäki medeni çäreleriň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň dabaralanmagyny alamatlandyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň ynanyşmak, özara bähbitleri hasaba almak esasynda guralýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine taraplaryň geljekde-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi